Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri koronawirus krizisi şertlerinde ykdysady halas ediş çärelerini maslahatlaşar


“Eurogroup” toparynyň ýygnagy. 2018 ý.
“Eurogroup” toparynyň ýygnagy. 2018 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri 7-nji aprelde wideo konferensiýa arkaly duşuşyp, koronawirus pandemiýasyndan iň agyr zyýan çeken ýewropa ýurtlary üçin ykdysady halas ediş planyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ministrlere pandemiýanyň sosial-ykdysady täsirlerine garşy göreşmek üçin mundan beýläkki maliýe çärelerini teklip etmekleri üçin basyş edilýär.

“Eurogroup” toparynyň prezidenti, Portugaliýanyň maliýe ministri Mario Sentenonyň (Mario Centeno) sözüne görä, häzirki wagt ýarym trillion ýewro ($540 milliard) möçberinde “howpsuzlyk tory” bar.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda karz almagy üpjün etjek bilelikdäki “koronabondlary” çykarmak ýa-da çykarmazlyk meselesi has jedelli bolup galýar.

Ýewropa Bileleşiginiň käbir günorta ýurtlary, hususan-da Italiýa we Ispaniýa muny talap edýär.

Ýöne Germaniýa, Niderlandlar, Awstriýa we Finlýandiýa şeýle karz baradaky pikiriň ähli garaşsyz bergileriň paýlaşylmak ähtimallygyny aňlatmagyndan alada edip, muny ret etdiler.

Ýewropanyň Merkezi banky koronawirusyň täsirini gowşatmaga we ýewrozonadaky hökümet hem-de kompaniýa karzyny satyn almaga gönükdirilýän 750 milliard ýewro ($812 milliard) möçberindäki programmany yglan etdi. Şol bir wagtda, Ýewropa Komissiýasy özüniň döwlet kömegini we býujet düzgünlerini gowşatdy.

XS
SM
MD
LG