Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda Gazagystanyň raýat aktiwistleri basyş astynda


Poçta binasynyň öňünde nobata duran adamlar. Gyzylorda. Gazagystan. 6-njy aprel, 2020-nji ýyl.
Poçta binasynyň öňünde nobata duran adamlar. Gyzylorda. Gazagystan. 6-njy aprel, 2020-nji ýyl.

Koronawirus ýokanjynyň fonunda häkimiýetleriň has berk gözegçilik girizmegi bilen Gazagystanyň raýat hukuklary boýunça aktiwistleri soňky birnäçe gün bäri basyş astynda galdy.

7-nji aprelde günbatar Oral şäheriniň polisiýasy tanymal raýat aktiwisti Aslan Sagutdinowy tussag etdi.

Sagutdinow azyk dükanynyň daşynda tussag edilen pursatyny Facebookda goýmagy başardy.

Oralyň welaýat polisiýasynyň metbugat wekili Bolat Belgibekow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Sagutdinowyň Oralyň bir ýaşaýjysynyň şikaýaty esasynda gozgalan töhmet atmak bilen bagly kazyýet işi boýunça tussag edilendigini aýtdy.

Belgibekow Sagutdinowyň tussag edişlik wagtynda bildiren garşylygy sebäpli polisiýa boýun egmezlikde hem günäkärlenjekdigini sözüne goşdy.

Beýleki bir blogger hem-de raýat aktiwisti Bagdat Bagtybaýew koronawirus pandemiýasy sebäpli işini ýitiren raýatlara ýeňillik hökmünde wada berlen döwlet kömek pullaryny almak üçin Tolebi obasynyň poçta binasynyň öňünde nobata duran adamlaryň uly nobatlaryny Facebookda göni efirde görkezeni üçin günorta Žambyl regionynda 10 günlük tussag edildi.

XS
SM
MD
LG