Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk kompaniýasynyň Türkmenistana garşy eden 67 mln ýewrolyk şikaýaty ret edildi


Türkmenistanda 'hakynyň köýendigini" aýdýan türki işçileri. Arhiw suraty
Türkmenistanda 'hakynyň köýendigini" aýdýan türki işçileri. Arhiw suraty

Türkiýäniň “Lotus Holding” kompaniýasynyň 2017-nji ýylda Türkmenistana garşy eden 67 million ýewro möçberindäki şikaýaty 6-njy aprelde, Maýa goýumlary babatdaky dawalary seljerýän halkara tribunal tarapyndan ret edildi.

Türk kompaniýasynyň şikaýatynda iki tarapyň arasynda energiýa pudagynda baglaşylan ylalaşykdan şikaýat edilýärdi.

Bu barada "Global Arbitration Review" internet-žurnaly habar berýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, "Lotus Enerji" şertnamada görkezilen ähli işi ýerine ýetirdi. Bu işe 254 megawatt kuwwatlygy bolan iki sany elektrik stansiýasy girýär. Şikaýatçy Türkmenistan taslamalaryň bir toparyna eýe çykmakda we olaryň degişli tölegini tölemezlikde günäkärledi.

Mundan başga, nebiti gaýtadan işleýän toplum bilen baglaşylan şertnamanyň bikanun ýatyrylmagyndan we munuň türk kompaniýasynyň batyp başlamagyna getirmeginden şikaýat edilýär.

Şikaýatda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda Energetika Hartiýasy Şertnamasynyň we Ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasynyň maddalarynyň bozulmagyna, hususan-da diskriminasiýa ýol bermezlik düzgünleriniň berjaý edilmezligine, aýry-aýry adamlaryň emläkleriniň alynmagyna basyş edildi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikiriçe, adalatly we deň derejede çemeleşmek kadasy hem bozuldy.

Araçy sud ähli ýagdaýy seljermek arkaly derňew geçirenden soň, türkmen hökümetiniň haýryna karar çykardy. Suduň başlygy Alan Bon Louyň (Alan Vaughn Lowe) gelen netijesine görä, “Lotus Holdingiň” kompaniýasynyň arzasy kanuny taýdan esassyz bolup durýar.

Sud türk kompaniýasynyň Türkmenistana kazyýet işinde çekilen kanuny çykdajylar üçin 1 million dollar tölemäge borçlydygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG