Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar ähli ştatynda uly betbagtçylyk ýagdaýyny yglan etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump, COVID-19 sebäpli, ýurduň 50 ştatynyň hemmesinde uly betbagtçylyk ýagdaýyny yglan edýän jarnama gol çekdi. Birleşen Ştatlaryň ähli ýerinde ilkinji gezek şeýle gerimli tebigy betbagtçylyk ýagdaýy yglan edildi. Bu barada Ak tam habar berdi.

ABŞ biraz öň Italiýadan öňe geçip, COVID-19-dan ölenleriň sany boýunça dünýäde birinji ýere çykdy. Birleşen Ştatlarda bu keselden ölenleriň sany 20 ýarym müňden geçdi.

Iň kän adam heläkçiligi Nýu-Ýork ştatynda boldy, ýagny bu ýerde sekiz ýarym müňden gowrak adam koronawirus sebäpli janyndan jyda düşdi. Umuman alanyňda, soňky maglumatlara görä, ABŞ-da ýarym milliondan gowrak COVID-19 ýokaşmasy ýüze çykaryldy.

Italiýada bu dertden 19 ýarym müňe golaý adam öldi. Ýurtda täze görnüşli koronawirus bilen 152 müňden gowrak adamyň näsaglandygy ýüze çykaryldy. Ölüm boýunça Ispaniýa üçünji ýerde durýar.

Ol ýerde 16 ýarym müňden gowrak adam öldi. Ispaniýada wirus ýokaşanlaryň sany 163 müňden geçýär.

XS
SM
MD
LG