Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispan dümewiniň çalt hereketi. Taryhdan öňki mikroblar, harby senzura we 100 ýyl öňki epidemiýada kesele ýoluganlaryň öz janyna kast etmegi


ABŞ-yň harby güýçleriniň 39-njy polkunyň soldatlary Sietl şäherinde Fransiýa ugradylmazdan öň. Photo:US National Archives
ABŞ-yň harby güýçleriniň 39-njy polkunyň soldatlary Sietl şäherinde Fransiýa ugradylmazdan öň. Photo:US National Archives

“Tomaşaçylary "Egniňe almak” filmi haýran galdyrdy. Adamlar ony görmek üçin, janyny töwekgellige salmaga taýýar” diýip, žurnalistler 1918-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda, Çarli Çapliniň täze filmine buýsanç bilen kommentariýa ýazdylar. Film ispan dümewiniň iň öjügen wagtynda, Nýu-Ýorkdaky Garold Edel tarapyndan dolandyrylýan Strand Theatrezalyndagörkezildi. Edel üçin hökümetleriň tomaşa jaýlaryny wagtlaýynça ýapmaly diýen görkezmesinden, biznes has möhümräkdi. Film görkezilenden birnäçe gün soňra, ol işewür adam barada žurnalistler başga zat ýazdylar. Edel eýýäm ýogalypdy, ony ispan dümewi aldy.

Kaýzer Wilgelm 2-nji imperatorlyk derejesinden el çekmeziniň öň ýany, entek Birinji jahan urşunyň gutarmagyna üç aý galanda, dünýäniň bäş kontinentinde öň görülmedik ýagy höküm sürüp başlady. Ölüm howply wirusy bütin dünýä gämiler ýaýratdy, harby senzura bolsa köpçülikleýin habarlary “ölüm” wirusynyň ýaýraýşy barada dymmaga mejbur etdi. Epidemiýanyň pidasy dürli maglumatlara görä, 50-100 million adam hasap edildi. Adamlaryň köpüsi Hindistanda hem Hytaýda öldi. Şol wagtda iň ösen ýurt ABŞ-da diňe resmi maglumata görä, azyndan 675 müň adamölüpdi.

Ýörgünli kesel

Birinji jahan urşy döwründe Ispaniýa bitaraplyk statusyny saklady. Ýerli metbugat belli derejede erkindi, şonuň üçinem Madridde çykýan gazetlerde täze peýda bolan, örän ýokançly kesel baradaky ilkinji habarlar 1918-nji ýylyň maýyndan çykyp başlady. Žurnalistler oňa ýüzugra “neapolitan soldaty” diýen at goýdular, sebäbi şol döwürde şeýle söz bilen başlanýan aýdym diýseň meşhurdy. Onuň ikinji ady “ýörgünli kesel” (‘moda keseli’) boldy. Ýöne täze ýokanç kesele ol ýurtda hiç wagtda “ispan dümewi” diýilmedi. Ol at soňrak fransuz hem britan metbugatynda ispaniýaly kärdeşlerine salgylanyp ýazylan makalalarda peýda bolupdy.

,,Bu keselde ýürek bulanma, gyzgynyň ýokarlanmasy hem diareýa – içegede ýiti agyry peýda bolýar. Munuň özi beýle bir çynlakaý keseliň alamaty däl” diýip, 21-nji maýda Madridde çykýan La Accióngazeti ýazdy. Iki aý öň ondan amerikan soldatlarynyň köpçülikleýin keselläninden, Ispaniýadakylaryň habary ýokdy. Ilkinji kesele ýolugan Kanzas ştatynda 4-nji martda resmi ýagdaýda hasaba alnypdy. Şondan soň ispan dümewi örän çalt ýaýrady.Medisina işgärleri prezident W. Wilsona amerikan goşunlaryny ondan-oňa geçirmegi wagtlaýynça togtatmagy maslahat berdiler, ýöne olary diňlän bolmady. Amerikan soldatlary ol wirusy Ýewropanyň garymlaryna getirdiler. Aprel aýynyň aýaklarynda ol kesel fransuzlara, iňlislere hem nemeslere ýokaşdy.

Dümewiň bardygy hakdaky ilkinji habar çykanyndan köp wagt geçmän, Madridiň ilatynyň tas ýarysyna golaýy düşege ýykyldy, şol sanda ýurduň koroly AlfonosXIIIhem oňa ýolukdy. Paýtagtda çykýan gazetler bu keseli Madrid metrosyny gurýan kompaniýa ýaýradýandyr diýen pikiri öňe sürdüler, hamana ýer astyny gazýanlar haýsydyr bir gadymy mikrobyň üstüni açyp, ony ýokary çykarýandyr diýip çakladylar. Beýleki bir çaklama has halkara häsiýetli bolup, söweş barýan ýerlerde jaýlanmadyk millionlarça jesetleriň zaýalanmagyndan, töwerek-daşa ýaýraýan wiruslar şeýle keseli döredýär diýildi. Käbirleri muny poçta markalaryny ýalap ýelmemekden gördi.

Iýun aýynyň başynda Barselona şäherini hem bu kesel tutdy. Hökümetler az wagtlyk mekdepleri ýapdylar. Dümewe ýoluganlaryň köplügi sebäpli poçtalarda, banklarda, tramwaý gatnawlarynda, otly ýollarynda hem polisiýada adam ýetmezçiligi sebäpli iş bökdelip başlandy. Dürli tomaşa jaýlary ýapyldy. Gazetler bolsa tanymal wraçlara salgylanyp, her gün diýen ýaly medisina rekomendasiýalaryny çap edýärdiler. Kesele ýolukmazlyk üçin, adamlaryň köp üýşen ýerinden çetde durmak, şäherde çalt-çaltdan gezelenç etmek, agzyň arassalygyna gözegçilik, çig önümleri iýmezlik, diňe gaýnan suwy içmek, limon ulanmak, wraçlaryň maslahaty bilen içine dermanlyk ot garylan sakgyç çeýnemek maslahat berildi. Keseliň ilkinji alamatynda içiňi sürgi edýän suwuklygy ulanmak hem öňe sürüldi. Eger onda-da kesel aýrylmasa, aspirin ulanmaly.

Sietliň ýaşaýjylary ispan dümewine garşy sanjym üçin nobata durýarlar. 1918-nji ýylyň noýabry. Ýöne ol waksina peýdasyz eken. Photo:US National Archives
Sietliň ýaşaýjylary ispan dümewine garşy sanjym üçin nobata durýarlar. 1918-nji ýylyň noýabry. Ýöne ol waksina peýdasyz eken. Photo:US National Archives

Entek 1918-nji ýylda wraçlaryň ispan dümewine ýoluganlara kömegi örän azdy. Ondan 15 ýyldan soň wirusa garşy göreşmäge mümkinçilik döredi. O döwürlerde antibiotikler oýlanyp tapylmandy, wirusa garşy serişdeler asla ýokdy. Medikler näsagyň gyzgynyny ölçäp, onuň alamatlaryny soraýardylar, gyzgyny aşakladyjy hem agyry-yzany ýeňlediji, köp ýagdaýda bolsa aspirini maslahat berýärdiler. Köne medisina taglymatyna eýerijiler gan almagy, kamfor ýagyny, otlardan edilen erginlikleri, spirtli içgileri, aýratyn-da konýak bilen romy, hatda simap içmegi maslahat berýärdiler. Fransiýanyň wenerologiki klinikasynda sifilis bilen kesellänleriň hiç biriniň bu derde ýolukmandygy aýan bolupdyr. Medikler her günde sanjym edilýän simap bu keselden gorap biler diýen pikire gelipdirler hem ähli kesellilerde profilaktika çäreleri üçin, ony synap görüpdirler. Kä ýagdaýda keseli anyklamak asla mümkin bolman, ony garahassalyk bilen garjaşdyrypdyrlar.

1918-nji ýylyň tomsunda ispan dümewi haýallap, käbir ýagdaýlar hasaba alnypdyr. Wirusyň ilkinji hüjüminde onuň nähili keseldigini kesgitläp bilmändirler. 1918-nji ýylyň sentýabrynda ol wirus düýpden başgaça hüjüm edip, adamlary ölüme ýolukdyrypdyr. Kesel öz pidasy hökmünde jemgyýetiň sagat gatlagyny, iň bir işe ukyply adamlardan, 20 – 40 ýaş aralykdakylary saýlapdyr. Göwreli aýallar çaga taşlapdyrlar ýa-da wagtyndan öň dogrupdyrlar.

Boston. Gyzyl Haçyň meýletinleri medisina maskalaryny taýýarlaýarlar. Photo:US National Archives
Boston. Gyzyl Haçyň meýletinleri medisina maskalaryny taýýarlaýarlar. Photo:US National Archives

Dümewiň alamaty

Harby senzura sebäpli Parižde awgust aýynyň ahyrlarynda-da, bu täze wirusyň diňe bir Ispaniýada heläkçilik getirmän, Germaniýada hem Angliýada möwjügendiginden habarsyz galypdyrlar. Ýöne kesel eýýäm Fransiýanyň günortasyndaky şäherlere aralaşyp başlapdyr. Sentýabrda bolsa ol fransiýanyň paýtagtynda howp döredipdir. Şäher jemagat işgärleri metro stansiýalarynda, otly gatnawynda hem teatryň tomaşa zallarynda arassalaýyş işlerini geçiripdirler, keselhanalarda wraçlar hem medisina işgärleri örän ýetmezçilik edipdir. Fransuz gazetlerinde ispan dümewine ýoluganlara diňe bir burnuňy ýyly suw bilen ýuwmak däl, medisina maskalary geýmek maslahat berlipdir. Örän geň däri-dermanlary teklip edenlerem bolupdyr. Meselem, Le Petit Parisien gazeti “Asperini kofein sitraty, benzaot natrisi, arpadan edilen çaý, klýuka ösümligi, ülje, dalçyn ergini, hinin agajyndan ýasalan derman hem-de dagda bitýän apelsiniň gabygyndan edilen şerbet bilen” garyp içmegi maslahat beripdir.

Noýabr aýynda ispan dümewi bilen belli şahyr, “sýurrealizm” diýen adalgany girizen 38 ýaşly Giýo Apolliner keselläpdir. Keseliň sekizinji güni onuň Parižde ýaşaýan kwartirasyna ýazyjy Blez Sandrar gelipdir. “Apolliner arkanlygyna ýatan eken, tutuşlygyna gara-ört bolupdyr” diýip, ýazyjy ýatlaýar. Şahyr ertesi güni ýogalypdyr.

Ýüzüň güýçli gyzarmagy dem almaga kynçylyk döredipdir, gyzgynlygyň artmagy ispan dümewine ýoluganlaryň esasy alamaty saýylypdyr. Adamyň teninde gyzyl reňk saklanýarka, onuň sagalmagyna umyt bar eken. Onuň melewşe bolmagy ýagdaýyň birden agyrlaşandygyny aňladypdyr, adamyň teni gara reňke öwrülse ölüm alamaty eken. Käbir näsaglaryň dişi dökülipdir. Ilkinji alamatlardan, ölüme çenli bir gije-gündizden az wagtyň galan pursatlary ýüze çykypdyr. Ol kesele ýoluganlary köplenç krowata baglap goýupdyrlar. Özüni öldürenlerem az bolmandyr. Akylyny ýitiren keselliler çydamsyz azapdan dynmak üçin, penjiredem özüni ýere oklapdyrlar. Käbir medisina işgärleri hassalaryň ýatan palatasyndan heňlän sypala meňzeş ýiti ys duýupdyr.

Merhumlary kesip görenlerinde, olaryň çişen öýkeniniň goýy garamtyl gandan dolandygyny görüpdirler. Adamlar bogulmadan jan beripdir.

Missusiri ştaty, Sent-Luis, Gyzyl Haç ispan epidemiýasyna garşy iş alyp barýar. 1918-nji ýylyň oktýabry. Photo:US National Archives
Missusiri ştaty, Sent-Luis, Gyzyl Haç ispan epidemiýasyna garşy iş alyp barýar. 1918-nji ýylyň oktýabry. Photo:US National Archives

1918-nji ýylyň şol aýylganç güýzünde Londonda bolan “Rus baleti” toparynyň ýyldyzlary saýylan horeograf Sergeý Dýagilýew hem tansçy Leonid Mýasin ispan dümewinden aýylganç gorkupdyrlar. Ol tansçy 5-nji sentýabrda Coliseum Theatregoýlan bir aktly “Kleopatra” baletinde oýnapdyr. “Mende diňe alnymy örtýän daňy bardy. Men “ölenimden” soň birnäçe minutlap buzly suwda ýatmalydym. Sowuk meniň süňküme çenli baryp ýetdi, bagtyma maňa hiç zat bolmady. Ertesi gün bolsa hemişe bu teatryň gapysynda durýan örän daýaw polisiýa işgäriniň ölendigini eşitdim” diýip, Mýasin ýatlaýar.

Graždanlyk urşy gaplap alan Russiýa ispan dümewini harby ýesirler getiripdir. Olar Brest parahatçylyk şertnamasyna gol çekilenden soňra, ýurduna dolanan soldatlarda bolupdyr. Şol döwürde ispan dümewinden daşary-da, Orsýetde örgünli garahassalyk bilen ganly içgeçme öjügipdir. Odessada ispan dümewini saklamak üçin, ýewreý jemgyýetçiligi 1-nji oktýabrda gadymy däp bolan “gara hupa” diýilýän mazarçylygyň içinde toý eşigindäki çäräni geçiripdir. Şol däbe laýyklykda öýlenýän ýigit hem gelinlik garyp gatlakdan, özlerem ýetim bolmaly. Bu çärä müňlerçe adam gatnaşypdyr. Ýöne gynançly ýeri, bu çäre ol keseliň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmändir. Keseliň saýlantgy pidalarynyň biri, sessiz kino sungatynyň ýyldyzy, köpler tarapyndan söýülýän 25 ýaşly Wera Holodnýanyň ölümi saýylýar. Bütin Odessa 1919-njy ýylyň fewralynda aktrisany jaýlamaga gatnaşýar.

Ispan dümewi Amerikada

Nýu-Ýorkda ispan dümewi resmi taýdan 1918-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda mälim edildi. Şol döwürde şäherde her gije-gündiziň dowamynda, müňe golaý täze näsag ýüze çykdy. Wirusyň ýaýramagynyň gözbaşy deňiz porty bolup, ol ýere Ýewropadan soldatlar gämiler arkaly gelýärdi, kesel getirýän daşary ýurt gämileri-de bardy. Ýöne şäheriň adamlarynyň başgaça çaklamasy bar eken. Bir topar ony Germaniýanyň bakteriologiýa ýaragly suwasty gämileriniň ABŞ-yň kenar ýakalaryna gelmeginden görüpdir, beýlekiler bolsa bu dümewi nemes “Baýer” kompaniýasy tarapyndan döredilen aspirinleriň ýaýradýandygyny öňe sürýärdiler.

Şäheriň saglygy saklaýyş pudagyna öňki okulist hem gomepat – örän az derman bilen kesel bejerişi öňe sürýän Roýal C.Kounlend ýaňy-ýakynda bellenen eken. Epidemiýa yglan edilen badyna olfabrikler, dükanlar hem kinoteatrlar birbada açylmaly däl diýip görkezme beripdir. Gaýragoýulmasyz medisina kömegi üçin, 150 merkez açypdyr. Ol merkezler kesel baradaky maglumatlary toplapdyr hem keselhanalaryň işine gözegçilik edipdir. R. Kounlend ýörite maksat bilen döwlete degişli mekdepleri ýapmandyr, sebäbi çagalar öýde bolanlaryndan, mekdepde has gowy kontrollykda saklanýar diýip düşündiripdir, ýöne epidemiýa ondan üstün çykypdyr. Çinownikler bu keseli ýaýradyjy esasy ojaklar saýylýan kinoteatrlary ýapmagy öňe sürüpdirler, ýöne muny diňe bölekleýin başarypdyrlar. Ispan dümewinden iň agyr zyýan çeken raýonlar Italiýadan gelen immigrantlaryň ýaşaýan ýerleri Bruklin hem Gündogar Garly bolupdyr. Sebäbi italýanlaryň köpüsi iňlis diline düşünmänsoň, dümewden goranmak baradaky plakatlarda hem görkezme serişdelerinde ýazylan duýduryşlara ähmiýet bermändirler. Olar hor ýaşapdyrlar, öz ýakynlaryny görenlerinde ogşaşyp görşüpdirler, käbir ýagdaýda halk medisinasyny ulanypdyrlar. Jaýlaryny bolsa içerä ýaramaz arwah-jynlar giräýmesin diýip, ýapyk saklapdyrlar. Wraçlara, aýratyn-da amerikanlara ynanmandyrlar.

Nýu-Ýorkdan sähel soňrak bu epidemiýa San-Fransiko ýaýrapdyr. Şäheriň meri tans zallaryny ýapypdyr, tramwaý sürüjilerine bolsa mydama aýnalary açyk saklamagy tabşyrypdyr. Şäher ilaty medisina maskalaryny geýip başlapdyrlar. Owaly bilen ony geýmek dellekhanada işleýänlere, myhmanhana işgärlerine, kassirlere, dermanhana işgärlerine hem söwdagärlere buýrulypdyr. 25-nji oktýabrdan maska dakynmak daş çykýanlaryň ählisinden talap edilipdir. Jemgyýetçilik ýerlerine maskasyz gelenlere 10 dollar möçberinde jerime salnypdyr ýa-da birnäçe gün tussaglykda oturdypdyrlar. Medisina maskalary hemme kişä ýetmänsoň, ony adamlar özi üçin tikipdirler. 21-nji noýabrda günortan ýörite duýduryş berlip, ýüzi ýapyk gezmek düzgüni ýatyrylanda, San-Fransiskonyň köçeleri adamlary bir aýlap horlan maskalardan dolupdyr.

Ispan epidemiýasy wagtynda San-Fransiskoda açyk asmanyň aşagynda geçirilýän sud diňlenişigi. Muny dymyk jaýda köp adamyň ýygnanmazlygy üçin edipdirler. Photo:US National Archives
Ispan epidemiýasy wagtynda San-Fransiskoda açyk asmanyň aşagynda geçirilýän sud diňlenişigi. Muny dymyk jaýda köp adamyň ýygnanmazlygy üçin edipdirler. Photo:US National Archives

Rio-de-Žaneýro ispan dümewini getiren Britaniýanyň poçta gämisi bolupdyr. Kesel ilki çet-gyralardaky garyplar mähellesine ýaýrapdyr. 1918-nji ýylyň oktýabrynda bolsa baýlaryň mähellesine-de ýetipdir. Braziliýanyň paýtagty ol epidemiýa düýbünden taýýar däl eken. Saglygy saklaýyş pudagynyň epidemiýanyň garşysyna durmaga ejizdigi belli bolanda, Rioda azyk önümleriniň azalýandygy barada dowul ýaýrapdyr. Barly maşgalalar dükanlarda bolan zatlary tutuşlygyna satyn alyp başlapdyrlar. Garyplar bolsa açlyga garşy protest döredipdirler hem köpçülikleýin ogurlyk başlanypdyr. Ölenler şeýle bir köp bolup, olary jaýlamaga ýetişmändirler. “Biziň penjirämizden giden ölüler toplumyny görüp bolýardy. Adam jaýlaýanlar ýeňillik bilen alyp gider ýaly edip, hossarlary ölenleriň aýaklaryny aýnadan çykaryp goýýardylar, ýöne adam jaýlaýan gulluk örän haýal işleýärdi. Birnäçe wagtdan soň, ölüler çişip başlady hem ereýärdi. Şonda köp adam öz ölüsini köçä çykaryp zyňdy” diýip, Rio-de-Žaneýrodan bir aýal gürrüň berýär.

Çilide bolsa wraçlar hem çinownikler soňky pursada çenli ol dümewiň howpuna ynanman, ony bir örgünli tif, geçer-gider diýip hasaplapdyrlar. Ol keseliň ýaýramagyny bolsa garyp gatlaklardan hem işçilerden görüpdirler. Hökümet wekilleri garyplaryň mähellesinde hakyky gabaw döredipdirler. Biti öldürmek üçin, adamlary öýünden kowup çykarypdyrlar, zor bilen olary ýalaňaçlapdyrlar, ýuwunmaga, saçlaryny syrmaga mejbur edipdirler hem zatlaryny ýakypdyrlar. Bu ýowuz çäre, aslynda ýagdaýy agyrlaşdyrypdyr hem ölenleriň sanyny has artypdyr.

Ikinji, has köp ölümli bolan ispan dümewi 1918-nji ýylyň dekabrynda gutarypdyr. Üçünji tapgyr bolsa 1919-njy ýylyň ýazyndan öjügip başlapdyr. 1920-nji ýylyň martynda, öz dörän döwründen dogry iki ýyldan soňra, täze wirus ýok bolupdyr. Bu döwür içinde ol epidemiýa şol döwürdäki adamzadyň üçden birine – 550 million çemesi adama ýokuşypdyr. Ispan dümewinden halas etjek waksina ýa-da peýdasy degäýjek dermanlar döredilmändir. Ol wirusyň gen strukturasyny diklemek alymlara diňe 2002-nji ýylda başardypdyr.

Material taýýarlananda Laura Spinniniň “Pale Rider: The Spanish Flu of 1918 and How It Changed the World” (ispan diline terjime edilen)dokumental kitabyndan, ispan gazeti La Acción, Influenza Encyclopedia (University of Michigan Center for the History of Medicine and Michigan Publishing, University of Michigan Library)proýektlerihem fransuz metbugatynasynlardan peýdalanyldy.

Makalanyňasyl nusgasy Настоящее время saýtynda çykdy.

XS
SM
MD
LG