Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OPEC, Orsýet pandemiýanyň dowamynda nebit önümçiligini azaldýarlar


Saud Arabystanynyň we Orsýetiň energiýa ministrleri maslahat geçirýärler.
Saud Arabystanynyň we Orsýetiň energiýa ministrleri maslahat geçirýärler.

OPEC, Orsýet we nebit öndürýän beýleki ýurtlar nebit önümçiligini öň görlüp-eşidilmedik derejede azaltmak baradaky ylalaşygyň üstündäki işini tamamladylar. Olar koronawirusyň pandemiýasy we nyrhlar üstündäki söweş zerarly dünýäde pese gaçan bahalary saklamaga synanyşýarlar.

Nebit öndürýän 23 ýurdy, şol sanda Orsýeti öz içine alýan OPEC-Plus toparynyň 12-nji aprelde aýtmagyna görä, maýda we iýunda önümçiligi günde 9,7 million barrele çenli azaltmak planlaşdyrylýar.

Şeýle-de, ylalaşykda OPEC-Plus toparyň agzalaryna nebit önümçiligini häzirki çäklendirilen derejede günde 6 million barrele çenli saklamaga çagyryş edilýär.

“OPEC-Plus bilen uly ylalaşyga gelindi" diýip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tweeterde ýazdy.

Planlaşdyrylan önümçilik çäklendirmeleri dünýäde pandemiýa sebäpli ýangyjyň ulanylmagynyň günde 30 million barrel mukdarda azalmagynyň öwezini dolmakdan ujypsyz.

XS
SM
MD
LG