Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada ýaşaýyş jaýda dörän ýangyndan 120 adam halas edildi


Ýangyn Moskwanyň Leninskiý prospekt metro stansiýasyň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýda döredi, 13-nji aprel, 2020

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary 13-nji aprelde irden Mokwanyň ýaşaýyş jaýynda dörän ýangyndan 120-den gowrak adamyň, şol sanda koronawirus bilen karantinde aklanýan bir adamyň çykarylandygyny habar berýärler.

Ýangyn Moskwanyň Leninskiý prospekt metro stansiýasyň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýda döräpdir.

Ýanan jaýdan ewakuasiýa edilenlerden daşary ör söndürijiler binanyň içinde gabalan ýene bäş adamy halas edipdir.

Ýangyn söndürijiler ýangynyň Moskwanyň wagty bilen ir sagat 6:10 dörändigini aýdýarlar.

Adam pidalarynyň bolandygy habar berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG