Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seul Demirgazyk Koreýanyň deňze birnäçe ganatly raketany atandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Günorta Koreýanyň harbylary Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa bilen koreý ýarymadasynyň arasyndaky deňze ýakyn aralyga ýetýändigi güman edilýän ganatly raketalaryň birnäçesini atandygyny aýdýarlar.

Günorta Koreýanyň Dolandyryjylar ştabynyň bilelikdäki komitetiniň ýaýradan beýanatyna görä, raketalar 14-nji aprelde irden Demirgazyk Koreýanyň gündogar Kangwon welaýatyndan atyldy.

Günorta Koreýanyň harbylary ýagdaýa gözegçilik edýärler we Günorta Koreýanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň resmileri waka barada has köp seljerme geçirýärler diýlip, beýanatda bu barada goşmaça maglumat berilmeýär.

Birleşen Ştatlar bilen uzaga çeken ýadro gepleşikleriniň fonunda, soňky aýlarda Demirgazyk Koreýa ýaraglaryň ençemesini synagdan geçirdi.

Phenýan synaglary köplenç birnäçe atyşly raketa ulgamy diýip häsiýetlendirýän mahaly, beýlekiler bulary ballistik raketalar diýip atlandyrýarlar.

Demirgazyk Koreýanyň gadagan edilen ýarag programmalary sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Phenýana garşy birnäçe sanksiýany güýje girizipdi.

XS
SM
MD
LG