Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Azerbaýjanyň koronawirus çäklendirmelerini tankytçylary basyp ýatyrmakda ulanýandygyny aýdýar


HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň kömekçi direktory Giorgi Gogia
HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň kömekçi direktory Giorgi Gogia

Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasy azeri häkimiýetlerini koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin girizilen çäklendirmeleri hökümet tankytçylaryny tussag etmek bilen, nädogry ulanmakda aýyplaýar.

Bir aýdan hem az wagt içinde azyndan alty oppozisiýa aktiwisti we oppozisiýa tarapdar žurnalist tussag edildi, olar “gümürtik aýyplamalarda”, şol sanda petikleniş düzgünlerini bozmakda ýa-da polisiýanyň buýrugyna gulak asmazlykda aýyplanyp, 30 güne çenli tussaglyga höküm edildi diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 16-njy aprelde çap eden beýanatynda aýtdy.

Olaryň aglabasy hökümet tarapyndan dolandyrylýan karantin merkezlerindäki şertleri ýa-da häkimiýetleriň pandemiýa netijesinde maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlara degerli kömek bermezligini tankyt etdi diýip, HRW aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň kömekçi direktory Giorgi Gogia bu ýagdaýyň Azerbaýjanda uzak wagt bäri dowam edýän syýasy ar alyş çäresi bolup durýandygyny aýtdy.

Ol häkimiýetleri jemgyýetçilik saglygy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlary kanuny söz hukugyny ulanýanlary jezalandyrmak üçin ulanmagy bes etmäge çagyrdy.

Azerbaýjanda resmi hasaba alnan 1,283 koronawirus hadysasy bar, 15 adam bolsa bu dertden heläk boldy.

XS
SM
MD
LG