ABŞ-nyň käbir ştatlary ykdysadyýetini açmak üçin ýuwaş-ýuwaşdan plan düzmäge başlady, ýöne olar koronawirusyň ýaýramagyna gözegçilik üçin girizilen öýde galmak buýruklaryna, işewürlik çäklendirmelerine garşy çykýanlar bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da, bu açylyşyň haýal boljakdygyny aýdýarlar.
Birnäçe ştat 17-nji aprelde, nägileligiň artmagy bilen, ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda çäklendirmeleri ýatyrmak planyny yglan etdi.
Miçigan ştatynyň gubernatory Gretçen Witmer 1-nji maýda döwletiň ykdysadyýetiniň käbir böleklerini açyp başlamaga umyt edýändigini, ýöne ýokaşmalaryň ikinji tolkunynyň öňüni almak üçin, bu işiň “akylly-başly” ediljekdigini aýtdy.
15-nji aprelde onuň ştatynda çäklendirmeleriň gowşadylmagyny talap edip, 3000 töweregi adam nägilelik protestini bildirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Ak tamda geçirilen brifingde demonstrantlara duýgudaşlyk bildirdi we olaryň "öz pikirlerini beýan edýändiklerini" aýtdy.
Ýurtdaky saglyk krizisi azyndan 22 million amerikalynyň işini ýitirmegine alyp geldi, sebäbi restoranlaryň ýapylmagy talap edildi we sport çäreleri ýatyryldy.
Şol bir wagtda-da durmuş çykdajylarynyň ýokarlanmagy dowam edýär.
ABŞ-da COVID-19-dan ölenleriň sany 17-nji aprelde, bir günde 4000 adamyň ölmegi bilen, 37 000 töweregi boldy.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat