Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak oppozisiýa aktiwisti 'ýalňyş maglumat ýaýratmakda' aýyplanyp tutuldy


Gazagystanda adatdan daşary ýagdaý. Kyzylorda, poçta edarasynyň öňündäki nobat.

Gazagystanyň tanymal syýasy aktiwisti we hökümet tankytçysy, hamala, adatdan daşary ýagdaý wagtynda "ýalan maglumatlary" ýaýratmakda aýyplanyp, polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Polisiýanyň 18-nji aprelde çap eden beýanynda Arman Şuraýewiň sosial ulgamlary ulanyp, "ýalan maglumatlary bile-göre gaýta-gaýta ýaýradandygy" aýdylýar, ýöne bu ýagdaý barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Milletçi syýasatça öwrülen öňki telewideniýe işgäri, prezidentiň özüni tankytlamakdan gaça durup, köplenç Kasym-Žomomart Tokaýewiň kabinetiniň agzalaryna hüjüm edýär.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Şuraýew günäkär hasaplansa, ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Onuň hereketiniň, koronawirus sebäpli girizilen milli adatdan daşary ýagdaý wagtynda, jemgyýetçilik tertibine howp salýandygy aýdylýar.

Şuraýew 18-nji aprelde Facebook sahypasynda çap eden beýanatynda bir ýokary wezipeli adamy korrupsiýada aýyplady.

Mundan başga, ol ýakyn wagtda çap eden beýleki beýanatlarynda hökümetiň karz planlaryny we koronawirus hassalary üçin ýöriteleşdirilen hassahana gurmaga harçlajak çykdajylaryny tankytlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG