Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kommunistleri Leniniň 150 ýyllygyny bellemek üçin çäklendirme düzgünlerini bozdy


Rus Kommunist partiýasynyň agzalary Lenini ýatlamak çäresini gatnaşýar. 22-nji aprel, 2020-nji ýyl. Moskwda.
Rus Kommunist partiýasynyň agzalary Lenini ýatlamak çäresini gatnaşýar. 22-nji aprel, 2020-nji ýyl. Moskwda.

Orsýetde onlarça kommunist Bolşewik rewolýusiýasynyň lideri Wladimir Leniniň 150 ýyllyk ýubileýini bellemek üçin Gyzyl meýdançada ýöräp, Moskwanyň koronawirus hereket çäklendirmelerini bozdy.

Orsýetiň Kommunist partiýasynyň agzalary Gennadiý Zýuganowyň ýolbaşçylygynda 22-nji aprelde meýdançadaky Lenin mawzoleýiniň öňünde gül desselerini goýdy.

Ýygnananlar mawzoleýe baranlarynda kiçi toparlara bölünip, öz aralarynda aradaşlygy sakladylar ýöne muňa garamazdan, olaryň bu hereketi Moskwanyň öýden diňe zerur zatlary satyn almak üçin, saglyk bejergisini almak üçin, zibil dökmek üçin ýa-da maşgalanyň itini gezdirmek üçin çykmaga rugsat berýän çäklendirme düzgünlerini bozdy.

Lenin 1917-nji ýylda Bolşewik rewolýusiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Onuň yzýany betbagtçylykly Raýat urşy ýüze çykdy we 1922-nji ýylda Sowet Soýuzy döredildi. Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda dargady. 1924-nji ýylda ölen Leniniň jesedi mawzoleýda saklanýar.

XS
SM
MD
LG