Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Ýewropa has köp ykdysady kömek berýär; Musulmanlar petiklenme astynda Remezan aýyna girýär


 Birleşen Ştatlar soňky bäş hepdede 24 million iş ýerini ýitirdi.
Birleşen Ştatlar soňky bäş hepdede 24 million iş ýerini ýitirdi.

ABŞ-nyň Wekiller öýi 500 milliard dollara golaý koronawirus kömegini bermek baradaky kanun taslamasyny tassyklady, iki bölünen Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 1 trillion ýewrodan gowrak serişdäni içine alýan uly ykdysady kömek bukjasy barada ylalaşyga geldi.

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, koronawirus dünýäde 2.7 milliondan gowrak adama ýokaşdy, tasdan 191 müň adamy öldürdi. Şol sanda, Ýewropada bu keselden 100 müňden gowrak adamyň, ABŞ-da 47 müň çemesi adamyň ýogalandygy aýdylýar.

Hakykatda, sanlaryň has ýokary bolmagynyň mümkindigi çak edilýär we wirusyň dünýäniň ösýän ýurtlaryndaky ýaýraýyş depgini howsala jaňlarynyň kakylmagyny güýçlendirýär.

Höweslendiriji çäreler Birleşen Ştatlaryň soňky bäş hepdede 24 million iş ýerini ýitirmeginiň we Ýewropanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň kontinentiň ykdysadyýetiniň şu ýylda 15 göterim töweregi kemeljekdigini duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda, Marokkodan Indoneziýa çenli ýüzlerçe million musulman 24-nji aprelde mukaddes Remezan aýyny petiklenme ýa-da çäklendirme çäreleri astynda garşy aldy.

XS
SM
MD
LG