Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky çagalar öýünde tapylan koronawirus ýokaşmalary howsala döredýär


Aleksandr Lukaşenka ýowar güni Gomel sebitine gidip, ol ýerde arça nahallaryny ekdi.

Belarusda kemisli çagalaryň saklanylýan ýetimler öýüni goldaýan haýyr-sahawat guramasynyň esaslandyryjysy desga ýaýran koronawirus ýokaşmalarynyň “agyr zarba” bolandygyny aýdýar.

Merkezi Glusk (Hlask) etrabynda ýerleşýän Wesnowa ýetimler öýünde 170 töweregi mümkinçilikleri çäkli çaga we ýetginjek saklanylýar.

Ýerli häkimiýetler ýokanç kesel ýokaşmalaryny 24-nji aprelde tassyk etdiler, ýöne wirusyň anyk näçe adama ýokaşandygyny aýtmadylar.

Bu ýetimler öýüne Irlandiýanyň “Çernobyl Children International” haýyr-sahawat guramasy maddy taýdan goldaw berýär.

Ýetimler öýüni esaslandyryjy Adi Roçe çagalaryň agyr maýyplygy sebäpli uly töwekgellik astynda galýandygyny aýtdy. Ol ýetimler öýüniň çagalary goramak üçin çäre görendigini, ýöne olaryň ýapyk şertlerde ýaşaýandyklary sebäpli kynçylyklara duçar bolandygyny aýtdy.

Ilkinji wirus ýokuşan, ýetimler öýüniň ýerleşýän Mogilew sebitiniň ýolbaşçylarynyň maglumatyna görä, ýetimler öýüniň işgärleriniň biri bolup çykdy.

Şondan bäri işgärleriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň ählisi barlagdan geçirildi we wirus ýokaşan adamlaryň köpüsinde "keseliň alamatlary ýok" diýip, häkimiýetler aýtdy.

Şu aralykda, 25-nji aprelde Belarusda, koronawirus pandemiýasynyň fonunda, sowet döwründen gelýän ýowar çäreleri geçirildi, bag nahallary ekildi. Şaýatlaryň sözlerine görä, çärä gatnaşanlaryň köpüsi gorag maskalaryny ulanmaýar.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka ýowar güni Çernobyl atom elektrik stansiýasyndaky heläkçilikden ejir çeken Gomel sebitine gidip, ol ýerde arça nahallaryny ekdi.

Belarus lideri koronawirus sebäpli döreýän COVID-19 keseli baradaky global aladalara ýaňsyly garaýar we bu wirusyň salýan howpuny ret edýär.

Bu ýurtda, Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, 10 müň çemesi COVID-19 näsagy bolup, 70-e golaý adam koronawirusdan öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG