Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri gowşadýar, emma saklaýar


Almaty, 14-nji aprel, 2020
Almaty, 14-nji aprel, 2020

Gazagystan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli adatdan daşary ýagdaýyny uzaldan hem bolsa, 16-njy martda girizen çäklendirmeleriniň käbirini gowşadyp başlady.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň 27-nji aprelde mälim etmegine görä, paýtagt Nur-Sultanyň we ýurduň iň uly şäheri Almatynyň arasyndaky uçar gatnawy 1-nji maýda dikeldiler, emma 30-njy aprelde ýatyrylmagy planlaşdyrylan adatdan daşary ýagdaý 11-nji maýa çenli uzaldylar.

Gazagystanyň saglyk resmileri ýurtda hasaba alnan koronawirusly ýagdaýlaryň 2 780 adamdan ybaratdygyny, 25 adamyň ýogalandygyny aýdýarlar. COVID-19 sebäpli heläkçilikli ýagdaýlaryň sany boýunça Gazagystan regionda birinji ýerde barýar.

Özbegistanda baş inspektor Nurmat Otabekowyň 27-nji aprelde aýtmagyna görä, ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany 1 887 adama ýetipdir, 8 sekiz adam ýogalypdyr. Soňky günlerde özbek häkimiýetleri pandemiýa sebäpli ýapylan käbir biznes obýektlerini açmaga rugsat berdi.

Gyrgyzystanda saglyk ministriniň orunbasary Nurbolot Usonow ýurtda koronawirus bilen kesellän 695 adamyň hasaba alnandygyny, sekiz adamyň ýogalandygyny 27-nji aprelde habar berdi.

Täjigistan koronawirus bilen kesellänleriň ýokdugyny aýdýan hem bolsa, ähli jemgyýetçilik çäreleri ýatyrdy, mekdepleri we çagalar baglaryny 10-njy maýa çenli ýapdy.

Täjigistan we Türkmenistan öz giňişliginde COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan hem bolsalar, bilermenler açyklyga we garaşsyz media ýol bermeýän bu hökümetleriň maglumatlaryna ynamsyz garaýarlar.

XS
SM
MD
LG