Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleri gowşadýar ýöne olaryň möhletini uzaldýar


Polisiýa ofiserleri barlag nokadynda hereket çäklendirmelerine gözegçilik edýär. 14-nji aprel, 2020-nji ýyl. Almaty, Gazagystan
Polisiýa ofiserleri barlag nokadynda hereket çäklendirmelerine gözegçilik edýär. 14-nji aprel, 2020-nji ýyl. Almaty, Gazagystan

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 206 müň adamdan geçdi, onuň 3 million töweregi adama ýokaşandygy tassyk boldy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak boýunça dowam edýän synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Gazagystan

Gazagystan koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin 16-njy martda güýje girizen çäklendirmelerini gowşadyp başlaýar, ýöne muňa garamazdan ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýyň wagtyny uzaldýar.

27-nji aprelde prezident Kasym-Žomart Tokaýew paýtagt Nur-Soltan bilen Merkezi Aziýanyň iň iri şäheri Almatynyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň 1-nji maýda täzeden dikeldiljekdigini, ýöne 30-nji aprelde ýatyrylmaly adatdan daşary ýagdaýyň 11-nji maýa çenli uzaldylýandygyny mälim etdi.

Gazagystanyň saglygy goraýyş edaralary ýurt boýunça hasaba alnan koronawirus näsagynyň 2,780 adamdygyny, bu keselden jemi 25 adamyň aradan çykandygyny aýdýarlar. Bu san sebitde resmi taýdan hasaba alnan iň ýokary COVID-19 ölümleriniň sanydyr.

Özbegistan

Özbegistanyň baş inspektory Nurmat Otabekow 27-nji aprelde ýurtda koronawirus keseliniň sanynyň 1,887 adama ýetendigini, bu keselden sekiz adamyň heläk bolandygyny mälim etdi.

Dynç günleri özbek hökümeti pandemiýa sebäpli birnäçe hepde bäri ýapyk saklanýan käbir söwda nokatlarynyň hem-de kärhanalaryň täzeden açylmagyna rugsat berdi.

Işlerine dowam etmäge rugsat berlen söwda nokatlarynyň arasynda gurluşyk materiallaryny, awto ulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satýan, hem-de tohum we nahal satýan dükanlar bar. Gayberse-de, himçistkalaryň, ätiýaçlandyryş kärhanalarynyň, notariuslaryň hem-de gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat edýän kärhanalaryň hem işlerine dowam etmäge rugsat berildi.

Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan

Gyrgyzystanyň saglyk ministriniň orunbasary Nurbolot Usonow 27-nji aprelde ýurtda 695 adamda koronawirus keseleniň hasaba alnandygyny we sekiz adamyň aradan çykandygyny aýtdy.

Ýekeje-de koronawirus keseliniň resmi taýdan hasaba alynmadyk ýurdy Täjigistanda “ýokanç keselleriň ýaýramagynyň” öňüni almak maksady bilen 27-nji aprelde ähli jemgyýetçilik çäreleri ýatyryldy hem-de çagalar baglary, mekdepler we kolležler 10-njy maýa çenli ýapyldy.

Täjik hökümeti bu keseli boýun almakdan boýun gaçyrsa-da, ýurtda soňky wagtlarda saglyk resmileriniň pnewmoniýa bilen ilteşdirýän ölümleriniň sanynyň şübheli ýagdaýda ýokarlanýandygy habar berilýär.

Merkezi Aziýanyň iki ýurdy Täjigistanda we Türkmenistanda koronawirus näsagy habar berilmedi, ýöne bu ýurtlarda aç-açanlygyň hem-de garaşsyz medianyň ýokdugy sebäpli ekspertler bu ýagdaýa şübheli garaýarlar.

26-njy aprelde Türkmenistanda, aýratyn-da prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halaýan baýramçylygy, milli Bedew baýramçylygy bellenip geçildi.

Koronawirus pandemiýasyna garamazdan, ýurtda köpçülikleýin çäreler, sport bäsleşikleri we at ýaryşlary dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG