Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 milliondan aşdy


ABŞ-daky gorag maskaly howpsuzlyk işgäri
ABŞ-daky gorag maskaly howpsuzlyk işgäri

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million adamdan geçdi. Bu tutuş dünýä boýunça wirus bilen kesellänleriň üçden birine golaýdyr. Birleşen Ştatlarda wirusdan ölenleriň sany 58 müňden aşyp, bu Wýetnam urşy döwründe öldürilen amerikalylaryň sanyndan hem köpdür.

Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, dünýäde wirusa ýokuşanlaryň sany 3.1 million adamdam aşyp, ondan ölenleriň sany hem 217 müňden geçipdir.

ABŞ-da 28-nji aprelde wirusdan ýene-de 2 müň 207 adamyň heläk bolandygy habar berildi. Alty hepdäniň içinde wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 58 müň 348 boldy. Wýetnamdaky on ýyla golaý wagt dowam eden harby konfliktde Birleşen Ştatlaryň 58 müň 220 raýaty wepat bolupdy.

Görkezijilerdäki ösüş testleriň gerimini artdyrmak tagallalarynyň fonuna gabat geldi.

29-njy aprelde prezident Donald Tramp özüniň Twitter hasabynda testleriň geriminiň artdyrylmagy bilen, dünýäniň beýleki döwletleri bilen deňeşdirilende wirusa ýoluganlaryň has netijeli ýüze çykarylmagy üçin mümkinçiligiň döreýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň käbir ştatlary we Ýewropanyň birnäçe döwleti wirusa ýolugýanlaryň sanynyň kemelýändigini aýdyp, owal başda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeleri gowşatmak ugrundaky planlaryny işläp başladylar.

Jemgyýetçilik saglyk işgärleri, eger-de çäklendirmeler uly depgin bilen gowşadylsa, onda koranawirusyň ikinji tolkunynyň hem döremeginiň mümkindigini duýdurýarlar.

Ýewropada wirusdan iň köň ejir çeken ýurtlar – Ispaniýa, Italiýa we Fransiýa çäklendirmeleri gowşatmak ugrunda seresaplylyk bilen çäreleri durmuşa geçirip başlajakdyklaryny aýtdylar. Şol bir wagtda, käbir çäklendirmeleriň saklanyp galjakdygy hem bellenilýär.

Bu aralykda, britan premýer-ministri Boris Jonson Britaniýada çäklendirmeleri gowşadardan entek irdigini aýtdy.

Hytaýda eýýäm tertip 13 gün täze adam pidalary hasaba alynmady. Emma, ekspertler hytaý resmileriniň berýän sanlaryna şübheli garaýarlar.

XS
SM
MD
LG