Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin koronawirus sebäpli iş däl günleriniň möhletini uzaltdy


Russiýada wirus bilen kesellän 93 müň 558 adam hasaba alyndy.
Russiýada wirus bilen kesellän 93 müň 558 adam hasaba alyndy.

Russiýada koronawirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy bilen, prezident Wladimir Putin ýurtdaky iş däl diýlip yglan edilen günleriň möhletini 11-nji maýa çenli uzaltdy.

Putin bu barada 28-nji aprelde ýerli gubernatorlar bilen geçiren wideo arkaly konferensiýasynyň dowamynda çykyş etdi. Ol Russiýada koronawirus infeksiýasynyň ýokarky nokadynyň “entek aşylmandygyny” aýtdy.

Russiýanyň ençeme regionynda, şol sanda paýtagt Moskwada hem koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, belli bir derejede giriş-çykyş çäklendirildi. Russiýada wirus bilen kesellän 93 müň 558 adam resmi ýagdaýda hasaba alyndy. Olaryň arasyndan 867 adam ýogaldy.

Putin ilki iş däl günleriniň 28-mart-5-nji aprel aralygynda boljakdygyny aýdypdy. Soňra bu möhlet 30-njy aprele çenli uzaldyldy. Rus prezidenti bu döwürde zähmet haklarynyň tölenjekdigini hem aýtdy.

28-nji aprelde Putin “biznes hereketlerini kadalaşdyrmak, iş üpjünçiligini we adamlaryň girdejilerini dikeltmek, şeýle-de ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça” hökümete görkezme beripdi.

Rus prezidenti 5-nji maýdan çäklendirmeleri gowşadyp başlamak üçin rekommendasiýalary işläp düzmek barada hem görkezme berdi.

XS
SM
MD
LG