Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp koronawirusyň hytaý laboratoriýasy bilen baglanyşygyny tassyklaýan delili gördüm diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özünde koronawirusyň Hytaýdaky wirologiýa laboratoriýasyndan syzyp çykandygyna “uly ynam” döreden subutnamany görendigini aýdyp, uly adam heläkçiligine we ägirt uly ykdysady zyýana getiren pandemiýanyň gelip çykyşy baradaky teoriýany gaýtalady.

Tramp 30-njy aprelde Ak tamda gürläp, özüniň subutnamany görendigini aýtdy, emma gürrüňini anyklaşdyrmady.

Onuň bu sözleri Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda wirusyň gelip çykyşy üstünde dörän düşünişmezligi has-da çuňlaşdyrjaga meňzeýär.

Tramp ýene bir gezek wirusyň laboratoriýadan ýalňyşlykda syzandygy baradaky gürrüňleri gaýtalady we Hytaýyň onuň ýaýramagynyň öňüni alyp bilmezliginiň mümkindigini öňe sürdi.

Ol, ABŞ-nyň aýdyşy ýaly, wirusyň gelip çykyşy hakynda nädogry maglumat berendigi üçin, Hytaýyň prezidenti Si Jinpingi jogapkär hasaplap-hasaplamaýandygyny aýtmakdan saklanyp, täze tarifleri girizmek haýbatyny aýtdy.

Bu beýanatlar ABŞ-nyň aňtaw agentlikleriniň 30-njy aprelde irden pandemiýanyň Hytaýdaky laboratoriýadan gelip çykandygyny ýa däldigini henizem derňeýändigini aýdan wagtyna gabat geldi.

Agentlikler heniz bu barlagyň dowam edýän wagtynda hem wirusyň “adam tarapyndan döredilmändigini ýa-da genetiki taýdan üýtgedilmändigini” aýtdylar.

XS
SM
MD
LG