Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Alabaý assosiasiýasy döredildi, Serdar Berdimuhamedow başlygy boldy


Serdar Berdimuhamdow kakasy Gyrbanguly Berdimuhamedowyň portretiniň öňünde durup, oňa hasabat berýär.
Serdar Berdimuhamdow kakasy Gyrbanguly Berdimuhamedowyň portretiniň öňünde durup, oňa hasabat berýär.

TDH Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyny döretmek boýunça maslahat geçirilip, oňa ministrlikleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň we tejribeli itşynaslaryň gatnaşandygyny habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, maslahatda 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan "Türkmen alabaý itleri" hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy we "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasyny döretmek barada resminamalar kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda täze birleşigiň ýolbaşçysy wezipesine Serdar Berdimuhamedowy saýlamak teklip edildi we ol bu wezipä biragyzdan saýlanyldy diýip, resmi habarda aýdylýar.

S.Berdimuhamedow bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, alabaýlaryň goralyp saklanylmagy, köpeldilmegi, hasabynyň ýöredilmegi bilen meşgullanjak guramanyň öňünde duran wezipeler hakynda durup geçmek bilen, esasan olaryň wagyz edilmegine berilýän ünsi aýratyn nygtady, TDH belleýär.

Türkmenistanda alabaý itlerine berilýän resmi üns ýa-da it wagyzlary ýurtdaky eýesiz it-pişikleriň zäherlenip, urlup öldürilýändigi barada çykan maglumatlaryň fonunda,prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahal-teke atlaryndan soň birden alabaý itlerini hem öz “howandarlygyna” almagy, it wagyzlarynyň ýurtdaky şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülmegi bilen ýokarlandy diýip, synçylar aýdýarlar.

Parlamentiň deputatlygyna saýlanan, DIM-niň başlygynyň birinji orunbasary, parlament komitetiniň başlygy, Ahal welaýatynyň häkimi wezipelerinde işlän,Türkmenistanyň senagat we gurluşyk ministri wezipesine bellenen Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurtda prezidentden soň ikinji täsirli adama öwrülýär diýip, synçylar belleýär.

XS
SM
MD
LG