Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" owgan harbylarynyň merkezine hüjüm etdi


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň gündogaryndaky Helmand welaýatynda harby merkeze edilen hüjümde adam pidalarynyň bolandygy habar berilýär.

"Talyban" topary bu hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy. Harby merkezde owgan goşunynyň we howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 150 agzasy ýerleşýär.

"Talyban" 3-nji maýda eden hüjüminde owgan esgerleriniň "onlarçasynyň" öldürlendigini aýtdy.

"Duşmançylykly güýçlere degişli onlarça agza hüjümde öldürildi we ýaralandy" diýip, toparyň metbugat-wekili Kari Ýusuf Ahmedi 4-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.

Owganystanyň ady görkezilmedik resmisiniň "Tolo News" neşrine aýtmagyna görä, hüjümde azyndan 5 adam wepat bolupdyr.

XS
SM
MD
LG