Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo koronawirusyň Hytaýyň laboratoriýasynda dörändigine möhüm subutnama bar diýýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo täze koronawirusyň Hytaýyň laboratoriýasynda dörändigine "esli subutnama bar" diýýär.

Şol bir wagtda-da, Pompeo ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň wirusyň adam tarapyndan döredilmändigi baradaky netijelerini ret etmeýär.

ABŞ-nyň hem prezidenti, hem-de döwlet sekretary Hytaýy tankyt edýärler we onuň açyk däldigini ýazgarýarlar.

"Onuň Wuhandaky laboratoriýadan çykandygyna köp sanly subutnama bar" diýip, Pompeo 3-nji maýda eden çykyşynda aýdyp, geçen ýylyň aýagynda dörän wirusyň dünýäde 247 müňden gowrak adamyň, şol sanda ABŞ-da 67 müň adamyň ölümine sebäp bolandygyny belledi.

Şeýle-de, Pompeo Hytaýy öz laboratoriýalaryna halkara derňewçileriniň barmagyna päsgel bermekde aýyplady.

Hytaýyň iňlis dilinde çap edilýän "Global Times" neşri Pompeonyň çykyşyna reaksiýa bildirip, 4-nji maýda çap eden maglumatynda onuň wirusyň Wuhanyň laboratoriýasyndan çykandygyny subut edýän hiç hili delil getirmändigini belläp, subutnama görkezmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG