Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Russiýa täze ýokançlygyň sany boýunça ýene rekord goýdy


Sankt Peterburgyň Saglyk bölüminiň öňünde COVID-19 bilen aradan çykan medisina işgärleriň hatyrasyna gül desselerini goýýar. 1-nji maý, 2020-nji ýyl. Sankt-Peterburg
Sankt Peterburgyň Saglyk bölüminiň öňünde COVID-19 bilen aradan çykan medisina işgärleriň hatyrasyna gül desselerini goýýar. 1-nji maý, 2020-nji ýyl. Sankt-Peterburg

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 246 müň adamdan geçdi, onuň 3,5 million töweregi adama ýokaşandygy tassyk boldy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak boýunça dowam edýän synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Russiýa

Russiýa 3-nji maýda 10,600-den gowrak täze koronawirus ýokançlygyny hasaba aldy we munuň bilen giňeldilen test mümkinçilikleriniň arasynda bir gün üçin täze rekord goýuldy.

Ýokanç kesele täze ýoluganlaryň sany 10,633 adam köpelip, jemi hassalaryň sany 134,687 adama ýetdi we bu san bilen Russiýa näsaglaryň sany boýunça dünýäde ýedinji orna çykdy diýip, rus häkimiýetleri aýtdy. 2-nji maýda 9,623 näsagyň hasaba alynmagy bilen ýurtda dört günläp yzly-yzyna her gün rekord sanlar hasaba alyndy.

Russiýa häzirki wagtda iň köp täze ýokançlyk hasaba alnan ýewropa ýurdudyr. Emma resmi ölüm derejesi Italiýa, Ispaniýa we ABŞ ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende pesdir.

Resmi sanlara gňrä, soňky 24 sagadyň dowamynda 58 adam öldi we heläk bolanlaryň jemi sany 1280 adama ýetdi. Russiýada 15,000-den gowrak adam wirusdan gutuldy.

Kesele ýoluganlaryň hatarynda 30-njy aprelde özüniň koronawirus barlagynyň “oňyn” netije berendigini mälim eden premýer-ministr Mihail Mişustin hem bar. 3-nji maýda Mişustiniň metbugat sekretary Boris Belýakow premýer-ministriň özüni gowy duýýandygyny we işgärler bilen yzygiderli telefon arkaly gürleşýändigini aýtdy.

Prezident Wladimir Putin ýurt içinde ýagdaýlaryň “gaty kyn” bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Sankt Peterburgyň gubernatory Aleksandr Belgow ýerli şäheriň ruhy keseller hassahanasynda 28 hassa we 16 işçä, jemi 44 adama COVID-19-yň ýokaşandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin ýokançlygyň ilkinji merkezi hökmündäki rus paýtagtynyň heniz epidemiýanyň iň ýokary nokadyndan geçmändigini we şäherde syýahat edip bilýän ýaşaýjylaryň sanyny has-da çäklendirip biljekdigini aýtdy.

“Elbetde, eger-de haýsydyr bir howpy görsek, biz bir minut hem çekinmeris. Biz bu çäreleri berkitmek boýunça tekliplerimizi hödürläris” diýip, ol 2-nji maýda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.

Moskwalylar azyk dükanyna gitmek üçin, dermanhana gitmek üçin, zibil dökmek üçin ýa-da itlerini gezdirmek üçin öýlerini terk edip bilýärler. Olara köpçülik ýa-da hususy transport serişdelerini ulanmak üçin hökümet tarapyndan berlen sanly rugsatnama gerek.

Maý aýynda dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen rus kanun goraýjy edaralary Moskwanyň tokaý seýilgählerinde karantini bozýanlary tapmak üçin dronlardan peýdalanýarlar.

Eýran

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda 4-nji maýda ýurduň pes töwekgelçilikli sebitlerinde metjitleriň täzeden açyljakdygyny mälim etdi. Ýakyn Gündogarda koronawirusdan iň köp ejir çeken Eýranda martyň başynda metjitler ýapylypdy.

3-nji maýda ýurduň wirus boýunça Iş toparynyň telewideniýede ýaýlyma berlen ýygnagynda Rohani Eýranyň administratiw bölekleriniň üçden bir böleginde, 132 okrugda metjitleriň ertirden başlap, täzeden açyljakdygyny aýtdy.

“Sosial aralygy saklamak jemagat bolup ybadat etmekden has möhümdir” diýip, Rohani aýtdy we yslamyň howpsuzlygy hökmany hasaplaýandygyny, ýöne metjitlerde ybadat etmegiň welin diňe “maslahat berilýändigini” sözüne goşdy.

“Açylmagy meýilleşdirilýän etraplar “pes töwekgelçilikli” diýip, Rohani aýtdy.

Ol tomusky dynç alyşdan ozal bir aý sapak geçilmegine rugsat bermek üçin Iş toparynyň 16-njy maýdan başlap mekdepleri täzeden açmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Eýranda fewralyň ortalarynda ilkinji koronawirus näsagynyň hasaba alynmagyndan bäri, ýurt boýunça bu keselden 6150-den gowrak adam öldi we 96,440-dan gowrak adama kesel ýolukdy.

2-nji maýda Eýran 10-njy martdan bäri hasaba alnan iň pes täze ýokançlyk barada habar berdi.

Eýrandaky we daşary ýurtlardaky hünärmenler we resmiler Eýranyň resmi taýdan görkezýän sanlaryna şübhelenýärler we koronawirusa ýoluganlaryň hakyky sanynyň has köp bolup biljekdigini aýdýarlar.

Eýran mart aýyndan bäri uniwersitetleri, kinoteatrlary, stadionlary we beýleki köpçülik ýerlerini ýapdy.

Ýöne ol sanksiýalardan ejir çekýän ýurduň ýapyk galmagy göterip bilmejekdigini öňe sürüp, 11-nji aprelden bäri ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn açylmagyna rugsat berdi.

Diňe dellekhanalar türgenleşik zallary ýaly “töwekgelçilikli” ýerler ýapyklygynda galýar.

“Biz assa-ýuwaş açylmaga dowam ederis” diýip, Rohani aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG