Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada tussaglaryň dogan-garyndaşlary türmedäki bendiler barada maglumat berilmegini talap edýär


9-njy aprelde Russiýanyň düzediş koloniýasynyň administrasiýasy garawullaryň bidüzgünçiligi basyp ýatyrandygyny aýtdy.
9-njy aprelde Russiýanyň düzediş koloniýasynyň administrasiýasy garawullaryň bidüzgünçiligi basyp ýatyrandygyny aýtdy.

Russiýanyň Irkutsk sebitindäki tussaglaryň dogan-garyndaşlary türmede bolan ýowuz gozgalaňdan soň, maşgala agzalary barada jikme-jik maglumat berilmegini talap edip, türmäniň we tussaghana merkeziniň öňünde ýygnandylar.

4-nji maýda Sibiriň Angarsk şäherinde onlarça demonstrant 15-nji düzediş koloniýasynyň we 6-njy tussaghananyň öňünde ýeke adamlyk protestleri geçirdi. Protestleriň bu görnüşi häkimiýetlerden öňünden rugsatnama almagy talap etmeýär.

9-njy aprelde düzediş koloniýanyň administrasiýasy garawullaryň bidüzgünçiligi basyp ýatyrandygyny aýdyp, bu wakada garawula hüjüm edendigi aýdylýan bir tussagy günäkärledi. Tussaglar bolsa, bu wakanyň döremegine bendiniň garawul tarapyndan ýenjilmeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

“For Human Rights” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň başlygy Pawel Gluşçenkonyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussaglaryň garyndaşlary bendileriň häzirki wagt nirededigi barada jikme-jik maglumat berilmegini we aklawçylaryň olary baryp görmegine rugsat berilmegini talap etdiler.

Şeýle-de, ol gozgalaňdan soň 54 tussagyň takyk niredediginiň nämälim bolmagynda galýandygyny aýdyp, adam hukuklary guramalarynyň we tussaglaryň garyndaşlarynyň Federal jeza beriş gullugyndan (FSIN) düşündiriş talap edendigini belledi.

XS
SM
MD
LG