Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus petiklenmeleri gowşadylýan wagty, ekspertler arkaýynlaşmazlygy duýdurýar


Koronawirusdan goranmak üçin maska geýnen zenan Sowet Soýuzynyň II Jahan urşunda gazanan ýeňşine bagyşlanan grafftiniň öňünden geçip barýar. Sankt-Peterburg, 4-nji maý, 2020-nji ýyl.
Koronawirusdan goranmak üçin maska geýnen zenan Sowet Soýuzynyň II Jahan urşunda gazanan ýeňşine bagyşlanan grafftiniň öňünden geçip barýar. Sankt-Peterburg, 4-nji maý, 2020-nji ýyl.

Dünýäniň käbir künjeklerinde koronawirus pandemiýasynyň ölüm howpy gowşaýan wagty, saglygy goraýyş edaralary ikuçsyz ýaly bolup görünýän ýokançlygyň ikinji tolkunynyň öňüsyrasynda arkaýynlaşmazlygy duýdurýar.

Dünýäde 3.7 million adama ýokaşan hem-de 263 müňden gowrak jan alan wirusyň çalt köpelmeginiň öňüni almak üçin 6-njy maýda Bütindünýä Saglyk Guramasy petiklenmeleri aýyrýan ýurtlaryň bu çäreleri “gaty seresaplylyk bilen” berjaý etmelidigini duýdurdy.

32 müňden gowrak adamy ölen we ölümleriň sany boýunça ABŞ-dan soň dünýäde ikinji ýerde durýan Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson täze hassalaryň sany köpelmese indiki hepde ýurduň petiklenmeleri gowşadyp başlajakdygyny aýtdy.

Ispaniýa adatdan daşary ýagdaýy 10-njy maýdan ýene iki hepde uzaltdy.

73 müňden köp adamy ölen we 1,2 million adama keseliň ýokaşandygy tassyklanan dünýäniň iň agyr zarba alan ýurdy Birleşen Ştatlarda prezident Donald Tramp koronawirus pandemiýasynyň “Pearl Harbordan-da”, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan-da has erbet “hüjüm” bolandygyny aýtdy.

Tramp geçen ýylyň ahyrynda pandemiýanyň uç alan ýeri bolan Hytaýy ýene nyşana alyp, Pekin bu keseliň dessine öňüni almalydy diýdi.

XS
SM
MD
LG