Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa we Hytaý Günbatary günäkärlemek üçin koronawirus dildüwşüklerini toslaýar


Hytaý we Russiýa COVID-19 propagandalary bilen global auditoriýany nyşana alýar.
Hytaý we Russiýa COVID-19 propagandalary bilen global auditoriýany nyşana alýar.

ABŞ resmileri Hytaýyň we Russiýanyň sosial ulgamlarda koronawirus pandemiýasy boýunça Günbatary günäkärleýän “ýalan gürrüňleri” wagyz edýändiklerini hem-de krizise garşy göreşde öz ýurtlaryny iň gowy enjamlaşdyrylan ýurt ýaly edip görkezýändiklerini aýdýarlar.

Bu habar 6-njy maýda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ýewropa we ýewraziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Filip Riker (Philip Reeker) we ABŞ-nyň ýörite wekili hem-de Global Gatnaşyk Merkeziniň utgaşdyryjysy Le Gabriell (Lea Gabrielle) tarapyndan telefon arkaly geçirilen metbugat ýygnagynda Brýusselde aýdyldy.

Gabrielle hususan-da Russiýanyň wirus üçin Birleşen Ştatlary günäkärleýän dildüwşük taglymatlaryny (konspirasiýa teoriýalaryny) öňe sürýändigini aýtdy.

“Olar COVID-19-yň, hamala, ABŞ tarapyndan bio-ýarag hökmünde öndürilendigi barada ýalan gürrüň ýaýradýarlar. Olar ABŞ-nyň hem-de Günbatar hökümetleriniň keseliň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilen tagallalardan hökümetiň ilata edýän gözegçiligini artdyrmak meýilnamasynyň çäginde peýdalanandygyny aýdýarlar” diýip, Gabrielle düşündirdi.

Ol Russiýa we Hytaý “wirusyň öňüni almakda, [hamala], global lider, ÝB, NATO we ABŞ bolsa epidemiýa jogap bermekde ýa ejiz ýa islegsiz” diýen ýalan gürrüňleri ýaýratmakda bu iki ýurduň ikisiniň-de synanyşyk edendigini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG