Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet COVID-19 näsaglary babatynda dünýäde bäşinji orna çykdy


COVID-19 synagy üçin gan alynýar.
COVID-19 synagy üçin gan alynýar.

Orsýetde soňky 24 sagatda ýene-de 11 231 adama koronawirus ýokaşandygy tassyklandy. Bu keselden täzelikde ýene 98 adam ýogaldy diýip, COVID-19-ň ýaýramagyna garşy döredilen edara habar berdi. Bu Orsýetde wirusdan ölenleriň sanyny 1,723-e getirdi.

Orsýetde epidemiýa başlaly bäri kesel ýokaşanlaryň umumy tassyklanan sany 187,859 boldy.

Şeýlelikde, Orsýet ýüze çykarylan näsaglaryň sany boýunça Germaniýadan we Fransiýadan öňe geçip, dünýäde bäşinji orna çykdy.

“Rospotrebnadzoryň” maglumatlaryna görä, 170 müň töweregi barlag geçirildi. 230 müňden gowrak adam saglyk gözegçiligi astynda galýar.

11-nji maýdan soň Orsýetde işlemesiz günler düzgüni tamam bolmaly.

“Rospotrebnadzor” koronawirus epidemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň üç basgançakda aýryljakdygyny habar berdi. Karantin çärelerini gowşatmak karary sebitleriň ýolbaşçylary tarapyndan kabul ediler.

XS
SM
MD
LG