Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Döwlet býujetiniň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji maýda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýandygyny aýtdy.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurtda içerki önümçiligiň möçberleriniň azalmagyna garaşylýar diýip, mejlisde nygtaldy.

Häzirki wagtda bize halkara gatnaşyklaryndaky howa we ýerüsti ulaglaryň işine, önümleri ibermäge, syýahatçylyk ulgamyna, pul geçirmelerine we maliýe akymlaryna täsir edýän ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak başardýar diýip, prezident belledi.

Resmileriň dört aýyň jemleri boýunça beren hasabatlarynda häzir ýurtda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depgini saklanyp galýar.

Berdimuhamedow bu ösüşi “hökümetiň ýeterlik möçberdäki daşarky we içerki ätiýaçlyk gorlary” we alnyp barlan dogry işleriň netijesi bilen düşündirdi.

Ýöne ol dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň düýpli peselendigini, häzirki ykdysady çökgünligiň 2008-2009-njy ýyllaryň ählumumy maliýe çökgünligi döwründen, 2014-2015-nji ýyllarda nebitiň bahasynyň pese düşen döwründen hem ýaramaz netijeleriniň bolmagyna garaşylýandygyny boýun aldy.

Döwlet baştutany bu ýagdaýda hökümetiň esasy wezipesi ýüze çykjak ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin ätiýaçlyk pul gorlaryny döretmekden ybarat diýip hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerleriň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny azaltmak üçin teklip taýýarlamagy, durmuş maksatly desgalardan beýleki desgalaryň gurluşyk maksatnamalarynyň ählisine gaýtadan seretmek tabşyryldy.

Mejlisde aýdylmagyna görä, çykdajylary azaltmagyň hasabyna alnan serişdeleri kärhanalary ykdysady we maliýe taýdan goldamaga, maliýe ulgamyny sagdynlaşdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, saglyk edaralaryndaky üpjünçilige, karantin çykdajylaryny öz wagtynda maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Şeýle-deprezident eksportuň möçberini artdyrmak, azyk üpjünçiligi boýunça edýän talaplaryny gaýtalady.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary Berdimuhamedowy on ýyl gowrak wagt bäri milliardlarça dollar döwlet serişdesini netijesiz ýa-da ykdysady manysy örän şübheli görünýän gymmatbaha taslamalara harçlamakda, uly gurluşyklarda edilýän harajatlar boýunça parlamente hasabat bermezlikde we ilaty kyn ýagdaýa salmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG