Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň agyr degen ýurtlary gaýtadan açylmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar


 Maryland. Maskaly aýal
Maryland. Maskaly aýal

Aziýada, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada koronawirusyň agyr degen ýurtlary, wirusyň yza gaýdyp gelmegine sebäp bolmazdan, işewürlik we jemgyýetçilik işjeňligi boýunça girizen çäklendirmelerini ýeňilleşdirmegiň çäresini gözleýärler.

Günorta Koreýanyň paýtagtynda koronawirus ýokaşmasynyň täzeden möwjemegi netijesinde 9-njy maýda 2100-den gowrak bar we beýleki gijeki nokatlar ýapyldy.

Germaniýadaky gassaphanalarda täze wirus ýokaşmalary ýüze çykdy we Italiýanyň häkimiýetleri çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilen ilkinji dynç günleri adamlaryň dynç alyş pursatlarynda aşa ýakynlaşmagyndan alada galdylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Ak tamyň koronawirus toparynyň üç agzasy koronawirus sebäpli ýüze çykýan COVID-19 barlagynda oňyn netije görkezen adam bilen aragatnaşyk edenlerinden soň, özlerini karantin astynda goýdy.

Şu aralykda dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sanynyň 4 milliondan geçendigi, ölenleriň 279 müňden geçendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG