Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary gyrgynçylykdan 15 ýyl soň Andijan pidalary üçin adalat talap edýär


Özbegistanyň gündogarynda ýerleşýän Andijan şäherinde bolan tolgunyşykda ýanan maşynyň deňinden geçip barýan ýaşaýjylar. 13-nji maý, 2005-nji ýyl.
Özbegistanyň gündogarynda ýerleşýän Andijan şäherinde bolan tolgunyşykda ýanan maşynyň deňinden geçip barýan ýaşaýjylar. 13-nji maý, 2005-nji ýyl.

Özbegistanda bolan Andijan gyrgynçylygyndan 15 ýyl soň, hukuk goraýjylar bu Merkezi Aziýa ýurdunyň ýolbaşçylaryny ýurduň gündogarynda esasan parahatçylykly demonstrantlaryň onlarçasynyň howpsuzlyk güýçleri we ýaragly harbylar tarapyndan atylyp öldürilmegini aç-açan derňemäge çagyrdylar.

13-nji maýda düýbi Şwesiýada ýerleşýän “Raýat hukuklaryny goraýjylar” topary hiç bir döwlet resmisiniň ýa-da harbynyň Andijan şäherinde raýat protestlerini “rehimsizlik bilen” basyp ýatyrmakda jogapkärçilige çekilmändigini aýtdy.

“Biz özbek häkimiýetlerini öz tarhan temmisizliklerini tersine öwürmäge çagyrýarys” diýip, topar Twitterde ýazdy.

Andijan Sowet Soýuzynyň 1991-nji ýylda heniz dargamagyndan ozal ýurdy demir ýumruk bilen dolandyryp gelen öňki özbek prezidenti Islam Karimowyň hökümdarlygyndaky zulumdarlygyň nyşanyna öwrüldi.

2005-nji ýylyň 13-nji maý güni irden käbiri türmeden ýaňy gaçan ýaragly adamlaryň topary Andijana hüjüm edip, käbir hökümet resmilerini öldürdi we beýlekileri girew aldy.

Bu zorlugyň öňýany Andijanda birnäçe gün bäri ýüzlerçe ýerli ýaşaýjynyň gatnaşmagynda parahatçylykly protest dowam edýärdi.

Wakanyň yzýany tertip-düzgün bozuldy we şäheriň köçelerinde parahatçylykly protestçiler, ýaragly topar hem-de şäheriň adaty ýaşaýjylary garym-gatym boldy.

XS
SM
MD
LG