Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýurda gelýän walýuta serişdeleriniň ählisini döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji maýda geçiren hökümet maslahatynda, “wagtlaýyn çäre hökmünde”, walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmegi, hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

“...önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli” diýip, prezident aýtdy.

Şeýle-de ol kärhanalardan walýutada alnan serişdeleriň öwezini milli pul birliginde dolmalydygyny aýtdy.

Bu, ýurtda dowam edýän iki kurs, walýutanyň resmi we gara bazar bahalary sebäpli, eksport edýän döwlet kärhanalarynyň-da, hususy kärhanalaryň-da “döwlet tarapyndan öňküsinden hem beter talanjakdygyny görkezýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hususy telekeçi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de prezident, harytlary, derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topar döretmegi tabşyrdy. Onuň sözlerine görä, bu toparyň esasy wezipesi kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmekden ybarat bolar.

Bu tabşyryklar ýurtdaky azyk gytçylygynyň barha ýitileşýän, galmagally nobatlaryň adaty zada öwrülýän wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanda koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri ýurtda walýuta alyş-çalyşmalarynyň ýowuz çäklendirilmegi, import we eksport işleriniň häkimiýetlere ýakyn durýan az sanly adamyň elinde jemlenmegi netijesinde dowam edýän haryt gytçylygyny has güýçlendirene meňzeýär.

Şeýle-de bu tabşyryklar döwlet baştutanynyň 12 ýyllyk ýarany, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň uzak wagtlyk başlygy Aleksandr Dadaýewiň dynç alşa ugradylmagynyň yz ýanyndan berilýär.

Hökümetden syzyp çykan we garaşsyz ýagdaýda tassyklanmadyk maglumatlara görä, bu birleşigiň agzalary tarapyndan daşary ýurtlara çykarylan walýuta serişdeleriniň yzy derňelýär.

XS
SM
MD
LG