Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 'strategiki hyzmatdaşlygy' nygtap, rus tehnologiýalaryny we teplowozlaryny alýar


Türkmen prezidenti “Aurus” satyn almak islegini mälim edýär. Arhiw suraty
Türkmen prezidenti “Aurus” satyn almak islegini mälim edýär. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow rus kompaniýalarynyň “Maryazot” önümçilik birleşigini döwrebaplaşdyrmagy, rus teplowozlarynyň satyn alynmagy baradaky teklipleri goldady.

15-nji maýda geçen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, rus kompaniýalary bu kärhanada ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgany we beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamagy teklip edýär.

“Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz” diýip, döwlet baştutany Türkmenistanyň rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýandygyny, Orsýetiň bolsa türkmen önümlerini satyn almaga barha kän gyzyklanma bildirýändigini sözüne goşdy. Emma habarda Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan önümleri we olaryň möçberi anyklaşdyrylmaýar.

Şeýle-de mejlisde Orsýetden ýük we ýolagçy teplowozlaryny satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Wise-premýer B.Öwezowyň sözlerine görä, häzirki wagtda Orsýetiň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýük teplowozlarynyň hem-de ýolagçy teplowozlarynyň hersinden ikisini satyn almak göz öňünde tutulýar.

Mundan öň Türkmenistanyň Orsýetden satyn alýan "Kamaz" ýük awtoulaglarynyň sanynyň barha artýandygy, resmi Aşgabadyň Orsýetiň dünýä bazarynda geçmeýän “Aurus” awtoulaglaryny hem satyn alýandygy habar berildi.

Synçylar Aşgabadyň Moskwa bilen arada bozulan söwdasyny şindi hem öňki derejelerine ýetirip bilmeýändigini, emma muňa garamazdan, özi günbatar tehnologiýalaryna mätäç bolan Orsýetiň dünýä bazarynda bäsleşip bilmeýän enjamlaryny has kän satyn almaga başlandygyny, şonuň bilen bir wagtda çil mal bazasy bolup galýandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG