Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus näsagyny hasaba almadyk Aşgabat deňizde suwa düşmegi çäklendirýär


"Awaza" kenary. Sentýabr, 2019.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanda koronawirus ýokanjy bilen bagly ýekeje ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýar.

“Ilatyň doly derejede immunizasiýalaşdyrylmagynyň netijesinde, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýokanç kesel, şol sanda drakunkulez, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleri ýok edildi” diýip, ministr 15-nji maýda hökümet maslahatynda beren hasabatynda aýtdy.

Şeýle-de ol Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň tomusda "Awazada" medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, Hazar deňzinde suwa düşülmegini çäklendirmek barada gelen netijesini habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, topar bu karara çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, koronawirusyň ösüşiniň ikinji tapgyryna garaşylýandygy baradaky ylmy çaklamalar esasynda geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wirus ýokaşmasynyň ýekeje mysalynyň hasaba alynmandygyna garamazdan, Hazar deňzinde we Awazada tomus döwründe raýatlar üçin syýahatçylygy, dynç alşy hem-de suwa düşmegi çäklendirmeli diýen netijä geldi.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky we regionlardaky beýleki dynç alyş we saglyk merkezlerinde ilata hyzmat etmegi ýokary derejede guramak, zerur dermanlaryň we saglygy goraýyş serişdeleriň ätiýaçlyk goruny döretmek tabşyryldy.

Mundan başga, ýurduň beýleki ýerlerindäki dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinde yzygiderli zyýansyzlandyryş işleriniň geçirmelidigi aýdylýar.

Ekspertler Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýokdugyny aýdyp, resmi Aşgabadyň beýanatlaryna ynamsyz garaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG