Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň prawoslaw kilisesi wirus waksinasy bilen bagly “Mesihe garşy dildüwşügi” berk tankytlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Moldowanyň Moskwa bilen iltewli prawoslaw kilisesi, hamala, adamlara mikroçip dakyp, olary 5G tehnologiýasy arkaly, hamala, gözegçilik etjek bolýan “dünýäniň Mesihe garşy sistemasy” diýlen dildüwşügi (konspirasiýasyny) öňe sürüp, ýurduň ýolbaşçylaryny geljekde koronawirusa garşy sanjymyň hökmany bolmazlygyny üpjün etmäge çagyrdy.

Kilise bu aýyplamalary 19-njy maýda dini beýanat bilen prezident Igor Dodonyň, parlamentiň spikeri Zinaida Greçanniniň hem-de premýer-ministr Ion Çikunyň dykgatyna ýetirdi.

Ýewropada we Birleşen Ştatlarda dildüwşük taglymatçylarynyň (konspirasiýa teoriýaçylarynyň), ekstremistleriň hem-de sanjymlara garşy çykyş edýän adamlaryň koronawirus çäklendirmelerine garşy geçirýän protestleriniň tolkuny güýçlenýär, bu protestler sosial media arkaly ýaýraýar.

Hamala, 5G tehnologiýasynyň zyýanlydygy barada öňe sürülýän dildüwşük taglymatlary Ýewropadaky we Birleşen Ştatlardaky konserwatiw gatlaklar tarapyndan pandemiýa döwründe sosial mediada giňden paýlaşyldy, Kreml bilen ilteşikli rus mediasy bolsa olara ýardam berdi.

XS
SM
MD
LG