Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öldürilen žurnalistiň ogly maşgalasynyň kakasyny öldürenleri bagyşlaýandygyny aýdýar


Salah Haşoggi
Salah Haşoggi

2018-nji ýylda Saud Arabystanynyň konsullygynyň içinde öldürilen saud žurnalisti Jamal Haşogginiň ogly özüniň we doganlarynyň kakasynyň ganhorlaryny bagyşlaýandygyny aýtdy.

Salah Haşoggi 22-nji maýda twitterde, musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynda, Jamalyň ölümine sebäp bolanlary bagyşlanýandygyny aýtdy.

"Waşington Post" gazetinde saud hökümetini tankytlaýan makalalaryny çap etdiren tanymal žurnalist Jamal Haşoggi 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürildi.

Saud Arabystanyň resmileri onuň ölüminiň "gödeňsi operasiýa" netijesinde bolandygyny, döwlet tarapyndan beýle jenaýata ygtyýar berilmändigini aýtdylar.

Ýöne häkimiýetler soň bu düşündirişlerini üýtgetdiler we Haşogginiň ony alyp gaçmak we Saud Arabystanyna getirmek isleýän topar tarapyndan geçirilen operasiýada öldürilendigini aýtdylar.

Saud sudy geçen ýylyň dekabrynda ony öldürmäge gatnaşmakda aýyplanan bäş adama ölüm jezasyny berdi.

BMG-niň ýörite sülçüsi Saud Arabystanynyň bu kazyýet işini "adalata garşy" diýip atlandyrdy we garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG