Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam: Tramp Russiýa bilen täze START ýarag şertnamasyny uzaltmaga çalşar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi prezident Donald Trampyň Russiýa bilen geljek ýyl möhleti dolýan esasy ýadro ýaraglary şertnamasynyň, Täze START şertnamasynyň möhletini uzaltmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi Robert O'Brieniň 21-nji maýda beren düşündirişi Tramp administrasiýasynyň “Açyk asman” diýlip atlandyrylýan başga bir howpsuzlyk şertnamasyndan ýüz öwürjekdigini yglan eden gününe gabat geldi.

ABŞ resmileri Waşingtonyň, Russiýanyň düzgün bozmasy sebäpli, 35 ýurduň agzalygyndaky “Açyk asman” şertnamasyndan çekiljekdigini aýtdylar. Bu şertnama agza ýurtlaryň ýokarsyndan ýaragsyz gözegçilik uçuşlaryna rugsat berýär.

Emma muňa garamazdan, Tramp Birleşen Ştatlaryň belli bir şertler astynda “Açyk asmanyň” agzasy bolup galmak barada pikir etjekdigini ýaňzytdy.

Waşington we Moskwa tarapyndan 2010-njy ýylda gol çekilen “New START” iki ýurduň arsenallarynda ýaraglaryň we ýetiriş ulgamlarynyň sanyna gözegçiligi öz içine alýar.

Şeýle-de şertnama, onuň möhletini uzaltmagyň esasy delilleriniň biri hökmünde görkezilýän meseläni, ýaraglara ýerinde berk gözegçilik etmek düzgünlerini öz içine alýar.

Eger-de iki tarap şertnamanyň möhletini ýene bäş ýyl uzaltmak barada ylalaşmasa, ylalaşyk fewral aýynda tamam bolar.

“Fox News” Birleşen Ştatlar “Täze START” şertnamasyndan çykarmy diýip soranda, O’Brien ýok diýdi.

XS
SM
MD
LG