Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirus aňtaýan tilsimleriň döredýän umydy hem-de olaryň şahsy maglumatlara abandyrýan howpy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gepleşigimiziň bu sanynda koronawirusa garşy göreşde ulanylýan telefon tilsimleri, olaryň wirusy aňtamakda döredýän umydy we şahsy maglumatlaryň eldegirmesizligine abandyrýan howpy baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Dünýäde koronawirus keseli 5 milliondan gowrak adama ýokaşdy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, ýokanç kesel tutuş dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýar. Onuň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda hökümetler tehnologiýanyň täze mümkinçiliklerinden peýdalanmagy nazarda tutýar.

Durmuşa ornaşdyrylýan iň jedelli tilsim bolsa, hökümetleriň koronawirus ýokaşan adamy telefon tilsimleriniň üsti bilen yzarlamagy hem-de onuň aragatnaşykda bolan adamlaryna koronawirusyň ýokaşmak ähtimallygy barada habar bermegi.

Bir tarapdan bu dünýä halklarynyň arasynda umyt döredýär. Şeýle mümkinçilik hödürlenýän ýurtlarda adamlaryň bar etmeli zady degişli telefon tilsimini öz telefonlaryna ýüklemek we köpçülige çykandan soň, tanyş ýa-da nätanyş adamlar bilen belli bir wagt ýüz-ýüze aragatnaşykda bolandan soň, tilsimiň bazasyndaky maglumatlaryň esasynda, özüne koronawirusyň ýokaşan bolmak ähtimallygy barada duýduryş habaryna garaşmakdyr.

Gepleşigimiziň bu sanynda koronawirusa garşy göreşde ulanylýan telefon tilsimleri, olaryň wirusy aňtamakda döredýän umydy we şahsy maglumatlaryň eldegirmesizligine abandyrýan howpy baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Programmany aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz!

Wirus aňtaýan tilsimleriň döredýän umydy hem-de olaryň şahsy maglumatlara abandyrýan howpy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG