Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa ýurtlary üzňelikden tapgyrlaýyn çykmagyny dowam etdirýärler


Şwesiýanyň Malmo şäheri

Ýewropanyň hökümetleri koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň köpüsini 25-nji maýda ýatyrdylar. Koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň azalýan wagtynda galan çäklendirmeleriň indiki hepdelerde aradan aýrylmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtda-da, ABŞ-da keselçilik derejesiniň 1,6 milliona, ýogalanlaryň sanynyň 100 müň adama ýeten wagtynda köpsanly toparlar dynç günlerinde deňiz boýuna we beýleki jemgyýetçilik ýerlerine üýşdüler.

50 ştatyň ählisi açylyp, käbirleri kesellänleriň azalmagyny talap edýän düzgünleri berjaý etmedi. Florida ştatynda adamdan doly deňiz kenarlary adamlaryň öz arasynda sosial distansiýany saklamazlygynyň keselçiligiň ýene-de ýaýbaňlanmagy baradaky aladalanmalary güýçlendirdi.

Ýewropada COVID-19 keselinden uly ýitgi çeken ýurtlar täze kesellänleriň we ýogalýanlaryň derejesiniň peselýän wagtynda serhetleri, mekdepleri açmak we hatda meşhur sport bäsdeşliklerini geçirmek planlaryny yglan etdiler.

Musulmanlaryň üç günlük Eid al-Fitr baýramçylygyň 24-nji maýda başlanmagy bilen dini liderleriň ençemesi dinçileri bu uly musulman baýramçylygynda öýlerinde galmaga ündediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG