Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň eteginde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda atyşyk boldy


"10 adam ýaraglary bilen tussag edildi" diýip, Kiýew sebitiniň polisiýasynyň wekili aýtdy.
"10 adam ýaraglary bilen tussag edildi" diýip, Kiýew sebitiniň polisiýasynyň wekili aýtdy.

29-njy maýda irden Kiýew sebitiniň Browary şäherinde ýüz töweregi adamyň gatnaşmagynda atyşyk boldy diýip, içeri işler ministri Arsen Awakow aýtdy.

Häkimiýetler bu atyşygy "ýolagçy gatnawy bilen meşgullanýan telekeçiler" bilen baglanyşdyrýarlar.

Awakow munuň "ýolagçy gatnadýanlaryň kwotalaryny kesgitlemekdäki korrupsiýa, transport ýollary ugrundaky göreşe garakçylary çekmek bilen baglanyşyklydygyny” aýtdy.

Häzirlikçe takmynan 10 adamyň tussag edilendigi, atyşyga gatnaşan beýleki adamlaryň gözlenilýändigi aýdylýar.

"10 adam ýaraglary bilen tussag edildi" diýip, Kiýew sebitiniň polisiýasynyň wekili Witaliýa Groholskaýa habar berdi.

Onuň sözlerine görä, bular "Ukrainanyň beýleki sebitlerinden gelen adamlar" bolup durýar.

“Faktlar” neşiriniň maglumatyna görä, onlarça adam ir sagat 7-de Olimpiýskaýa köçesindäki (Torgmaş etraby) mikroawtobus duralgalarynyň birine hüjüm edipdir.

XS
SM
MD
LG