Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda tassyklanan COVID-19 näsaglarynyň sany 10 müňden geçdi


Saglyk işgäri. Almaty, 14-nji maý, 2020.
Saglyk işgäri. Almaty, 14-nji maý, 2020.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, Gazagystanda soňky gije-gündiziň dowamynda 450 adama täze koronawirusyň ýokaşandygy tassyklandy.

Bu özboluşly anti rekord bolup durýar, ozal bir gije-gündizde şeýle kän kesel ýokaşan hasaba alynmandy. Resmi maglumatlara görä, bu ösüş ortaça 4,5% boldy.

Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, ýurtda wirusýokaşan adamlaryň umumy sany 10,382 boldy, bäş müňden gowrak adam bu keselden saplandy.

Häkimiýetler 37 adamyň ölendigini habar berdiler. Emma muňa garamazdan, COVID-19 synagy oňyn netije görkezeninden soň ölen näsaglaryň sany resmi görkezijiden has köp.

Gazagystanyň milliondan gowrak ilatly üç şäherinde - Almatyda, Nur-Soltanda we Şimkentde koronawirusdan ölenler baradaky resmi maglumatlar bilen COVID-19 pidalarynynyň jaýlanan ýörite mazarçylygyndaky täze mazarlaryň sanynyň arasyndaky tapawut ýüze çykaryldy.

Häkimiýetler COVID-19 näsaglygyna uçran adamlaryň hemmesiniň COVID-19-dan ýogalanlar hökmünde hasaba alynmaýandygyny aýdýarlar.

Gazagystan 1-nji iýundan başlap karantin çäreleriniň birnäçesini gowşadar, hususan-da sebitleriň arasyndaky böwetleri aýyrdy, sport merkezleriniň, kurortlaryň, medeni desgalaryň (tomaşaçysyz) işine, demirýol we awtobus gatnawyna rugsat berer.

Käbir ýerli çäklendirmeleri aýyrmak baradaky gutarnykly karary, epidemiologiki ýagdaýa baglylykda, ýerli lukmanlar we sebit ýolbaşçylary kabul eder.

XS
SM
MD
LG