Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň baş binasynyň öňünde Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyryş edildi (wideo)


"Halkara Ahal-Teke atçylyk assosiasiýasyna 680 million dollar bölünip berildi, Lebap şäheriniň ýaşaýjylary bolsa tupandan soň kömeksiz galdy" diýip, çykyş eden gyzlaryň biri aýtdy.
"Halkara Ahal-Teke atçylyk assosiasiýasyna 680 million dollar bölünip berildi, Lebap şäheriniň ýaşaýjylary bolsa tupandan soň kömeksiz galdy" diýip, çykyş eden gyzlaryň biri aýtdy.

29-njy maýda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde Türkmenistanyň hökümetine garşy protest çäresi geçirildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

Olar Türkmenistanyň halkynyň barha köpelýän kynçylyklary barada gysgaça gürrüň edip, hökümetiň we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

Protest çäresinde çykyş edenler iňlis, rus we türkmen dillerinde türkmenistanlylaryň gokudan çykmaklaryna, 30 ýyl bäri dowam edýän diktatura garşy bilelikde göreşmeklerine çagyrdylar.

Ýedi adam BMG-niň binasynyň daşynda türkmen baýdagyny we öz taýýarlan şygarlaryny göterip, ýöriş etdi.

Çäre gatnaşanlar bir aý öň Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçen tupanyň pidalaryna kömek berilmändigi üçin nägileliklerini bildirdiler, şeýle-de giň ýaýran korrupsiýa, adam hukuklarynyň giňden bozulmagy, hökümetiň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi barada pikirlerini aýtdylar, halkara guramalaryny Türkmenistanyň meselelerine üns bermäge çagyrdylar.

"Halkara Ahal-Teke atçylyk assosiasiýasyna 680 million dollar bölünip berildi, Lebap şäheriniň ýaşaýjylary bolsa tupandan soň kömeksiz galdy" diýip, çykyş eden gyzlaryň biri aýtdy.

"Diktator", "Bize DJ, aýdymçy, çapyksuwar we ýazyjy gerek däl, prezident gerek", "BMG-ni goşulyşmaga we türkmen hökümetini adam hukuklaryny bozmagyny bes etdirmäge çagyrýarys" diýip, ýokaryk galdyrylan şygarlarda aýdylýar.

Mundan öň 15-nji we we 29-njy maýda Stambulda, 11-nji we 20-nji maýda Demirgazyk Kiprde guralan protest çärelerinde hem türkmen prezidentiniň işden çekilmegine çagyryş edildi.

Türkmenler Aksaraýda Berdimuhamedowyň çekilmegine çagyryş etdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

XS
SM
MD
LG