Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

YD owgan žurnalistini, tehnigi öldüren bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Khurshid TW-siniň awtoulagy

"Yslam döwleti" (YD) ekstremist topary ýerli teleýaýlymyň işgärlerini alyp barýan mikroawtobusda owgan žurnalistini we tehnigi öldüren bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Paýtagt Kabulda 30-njy maýda, agşamara gatnawlaryň gürelen wagtynda guralan hüjümde azyndan ýedi adam ýaralandy.

"Ykdysady habarçy kärdeşlerimiz Mir Wahed Şah we tehniki bölümiň işgäri Şafik Amiri bu hadysada şehit boldy" diýip, hususy Khurşid teleýaýlymynyň baş müdiri Muhammad Rafi Rafik Sediki aýtdy.

Hökümet güýçleri we “Talyban” söweşijileri bilen söweşýän YD topary soňky ýyllarda Owganystandaky iň ganly hüjümleriň käbiriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Topar 30-njy maýda gurnan hüjüminiň sebäbini görkezmedi.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan suratlarda Khurşid teleýaýlymynyň 15 işgärini alyp barýarka öň tarapyna uly zeper ýeten ak mikroawtobus görkezildi.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we NATO bu hüjümi ýazgardy.

XS
SM
MD
LG