Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleri gowşadýar, Braziliýa gyzgyn nokada öwrülýär


Moskwanyň metrosy, 1-nji iýun, 2020
Moskwanyň metrosy, 1-nji iýun, 2020

Orsýetiň paýtagtynda 1-nji iýunda koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagyndan soň söwda merkezleriniň, parklaryň we kiçi biznes kärhanalaryň işläp başlamagyna garaşylýar.

Moskwadaky çäklendirmeleriň gowşadylmagy prezident Wladimir Putiniň 405 müň adama ýokaşan we 4700 adamyň ölümine sebäp bolan koronawirus infeksiýasynyň iň güýçli pursadyndan geçendigini yglan etmeginiň yzýany başlandy.

Şäher ýaşaýjylary dükanda gysga wagtlyk söwda etmek, daşarda itini gezdirmek ýa-da rugsat haty esasynda işe gitmek üçin rugsatsyz köçä çykyp biler.

Şol bir wagtda-da, Moskwanyň häkimiýetleri restoranlaryň, kafeleriň we kinoteatrlaryň häzirlikçe ýapyk durjagyny we karantin düzgüniň möhleti dolýança 14-nji iýuna çenli köpçülikleýin üýşmeleňlere rugsat bermejegini aýdýarlar.

Dünýäniň ençeme şäherinde bolşy ýaly Moskwadaky çäklendirmeler mart aýynda başlandy. Käbir moskwalylar öz öýlerini terk etmek mümkinçiligini makullan bolsalar, ençemesi günde täze kesellän 9 müň adamyň hasaba alynýan wagtynda çäklendirmeleriň gowşadylmagyny sosial mediada ýaňsy aldylar.

Dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 6.1 million adamdan aşdy. Braziliýa kesellänleriň sany boýunça dünýäde ikinji ýere çykdy. Bu ýurtda kesellän 515 adam hasaba alyndy, ýogalanlaryň sany 29 müňden geçdi.

XS
SM
MD
LG