Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Floýduň öldürilmeginden soň Hamaneýi ABŞ-ny ikiýüzlilikde aýyplaýar


Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýi
Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýi

Ýaragsyz afrikan amerikalynyň Minnesotada polisiýa tarapyndan saklanan wagty ölmeginden soň, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýi ABŞ-ny ikiýüzlilikde aýyplady.

Hamaneýi Yslam respublikasyny esaslandyran Aýatolla Ruhollah Homeýniniň ölüm ýyldönümini bellemek üçin 3-nji iýunda Tähranda eden telewizion çykyşynda “bular görnetin jenaýat edip, adamlary öldürýärler we ötünç soramaýarlar, soňam adam hukularyny goraýandyklaryny aýdýarlar” diýip, öňe sürdi.

Eýran resmileri jyns adalatsyzlygyny ýazgarmak üçin ABŞ-nyň onlarça şäherinde köçä çykan protestçileri goldaýandyklaryny mälim etdiler.

Eýran köplenç hukuk goraýjy guramalar tarapyndan adam hukularyny çynlakaý depelemekde, şol sanda geçen noýabrda benziniň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen oturymly häkimiýete garşy tutaşan demonstrasiýalarda protestçileri öldürmekde tankyt edilýär.

Şu hepdäniň başlarynda eýranly bir kanun çykaryjy basyşlarda 230 adamyň öldürilendigini aýtdy, ýöne Amnesty International hukuk guramasy azyndan 300 adamyň ölendigini aýtdy. Eýran ýurtda hökümete garşy geçrilýän protestleri basyp ýatyrmak üçin yzygiderli güýç ulanýar.

XS
SM
MD
LG