Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan harby kasam dabaralaryny 'reforma' edýär


Lebap. Harby kasam dabarasy. Arhiw suraty
Lebap. Harby kasam dabarasy. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly ýaşlaryň harby kasama, watansöýüjilik däplerine wepaly bolmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmegine çagyrýar.

Döwlet baştutany 5-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowyň hasabatyny diňläp, ýaş esgerleri watançylyk taýdan terbiýelemegiň wajyp ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Watan gullugyna çagyrylan ýaş esgerleriň Konstitusiýa binasynyň ýanynda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň bolsa «Halk hakydasy» binalar toplumynyň ýanynda kasam kabul etmegi nazarda tutulýar.

Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň prezidenti ýaşlary watançylyk, ata-babadan gelýän däp-dessurlar esasynda terbiýelemek meselesini ýygy-ýygydan gozgap durýar.

Onuň ýaşlaryň kasam kabul etmek dabaralaryny has guramaçylykly we “ýatda galar ýaly” derejede gurnamak teklibi daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň internet arkaly öz nägileliklerini bildirmeginiň, hökümete garşy protestleriň, prezidentiň we onuň hökümetiniň işden çekilmegine edilýän çagyryşlaryň barha gürelýän wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň goşunlarynyň hatarlarynda agalyk, ýaş esgerleri kemsitmek, urup-ýençmek we ezmek, kähalatda öldürmek ýa öz janyna kast etmäge mejbur etmek ýagdaýlary saklanyp galýar. Emma häkimiýetler bu hili habarlara düşündiriş bermeýärler.

XS
SM
MD
LG