Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da on müňlerçe adam jyns taýdan deňlik ugrundaky parahat ýörişe gatnaşýar


Waşington protestleri. 4-nji iýun, 2020.
Waşington protestleri. 4-nji iýun, 2020.

Köpçülikleýin demonstrasiýalaryň 12-nji gününe girmegi bilen, 6-njy iýunda müňlerçe adam Amerikanyň şäherlerinde polisiýa ýowuzlygyna we jyns taýdan deňsizlge garşy ýörişlere çykdy.

Afriakn asylly Jorj Floýduň Minneapolisde polisiýanyň ýowuzlygy netijesinde ölmegi sebäpli başlanan protestler, amerikan demonstrasiýalaryna raýdaşlyk netijesinde dünýä ýüzüne ýaýrap, Germaniýadan Awstraliýa çenli, adamlaryň öz ýurtlaryndaky adatlatsyzlyklara garşy protest bildirmegine getirdi.

Waşngtonda, dokuz günläp dowam eden we ýurduň paýtagtyny sarsdyran protestler möwjäp, Floýd 25-nji maýda aradan çykaly bäri,şäherde iň uly demonstrasiýa geçirildi.

Şeýle-de Nýu-Ýork şäherinde, Filadelfiýada, Sietlde, Çikagoda we Los-Anjelesde uly protestler geçirildi.

Demirgazyk Karolinada ýüzlerçe ýas tutujy, Floýduň jesedi jaýlanmazdan ozal, onuň dogduk şäheriniň golaýynda hormat goýmak üçin hatara düzüldi.

Floýduň ölüminden soň talaňçylyklar, emläk ýok edilmegi we ýowuzluklar sebäpli Waşingtondaky syýasy dartgynlyk güýçlenýän hem bolsa, tutuş ýurt boýunça alnanda, soňky dört günüň dowamynda protestler biraz köşeşdi.

Bu tendensiýa 6-njy iýunda, tutuş ýurt boýunça on müňlerçe adamyň parahatçylykly garşylyk görkezmegi bilen, Waşingtonda, Atlantada we beýleki ýerlerde jyns taýdan garyşyk mähelläniň arasynda tasdan baýramçylyk howasynda dowam etdi.

Kongresde, Wekiller öýünde we Senatda demokratlar geljek hepde polisiýa tälimine we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen polisiýa reformasy taslamasyny taýýarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG