Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 400 müňe golaýlady


6-njy iýunda Hindistanda bir gije-gündizde wirus ýokaşanlaryň iň ýokary derejesi hasaba alyndy.

Dünýäde täze görnüşli koronawirusdan ölenleriň sany 400 müňe golaýlaýar. 7-nji iýunda wirus ýokaşanlaryň umumy sany ýedi milliondan geçer, Latyn Amerikasy henizem pandemiýadan güýçli ejir çekýär we gür ilatly Hindistanda we Indoneziýada täze näsaglanlaryň sany köpelýär.

Koronawirus pandemiýasynyň merkezi ösýän ýurtlara geçýär, Gündogar Aziýada we Ýewropada bolsa COVID-19 näsaglarynyň we ondan ölýänleriň sanynyň azalýandygy görünýär.

Wirusden düýpli ejir çeken Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi kem-kemden ykdysadyýetini täzeden işe girizýär we serhetleri açmaga taýýarlanýar.

6-njy iýunda Hindistanda bir gije-gündizde wirus ýokaşanlaryň iň ýokary derejesi hasaba alyndy. Bu ýurtda wirus ýokaşanlaryň umumy sany 236 müňden geçdi. Hindistanda karantin düzgünleri esasan wirusyň ýaýramak töwekgelçiliginiň ýokary bolan ýerlerinde hereket edýär, birinji gün söwda merkezleriniň we dini desgalaryň gapylarynyň açylmagyna garaşylýar.

Indoneziýada, Günorta-Gündogar Aziýanyň koronawirusdan has köp zyýan çeken ýurdunda 6-njy iýunda täze rekord - her gije-gündizde müň näsagyň ýüze çykarylýandygy habar berildi. 270 million ilaty bolan ada döwleti 30 müňden gowrak tassyklanan hadysany hasaba aldy we bu dertden 1,801 adam öldi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda COVID-19-dan 109 müňden gowrak adam öldi we kesel ýokaşanlaryň sany 1,9 milliondan geçdi. Saglygy goraýyş işgärleri bu keseliň iki esasy faktor - ýurt boýunça kärhanalaryň täzeden işe başlamagy we jyns taýdan deňsizlige we polisiýanyň ýowuzlygyna garşy dowam edýän köpçülikleýin protestler sebäpli azalmaýandygyny öňe sürýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG