Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 467 müň adama, ölenleriň sany 5859 adama ýetdi


Orsýetiň kanun goraýjylary COVID-19 keseliniň ýaýramazlygy üçin maska dakynyp goranýarlar
Orsýetiň kanun goraýjylary COVID-19 keseliniň ýaýramazlygy üçin maska dakynyp goranýarlar

Orsýetiň resmileriniň hasabatlaryna görä, koronawirus bilen täze kesellän ýene 8 984 adam hasaba alnypdyr. 7-nji iýunda çap edilen sana görä, jemi hasaba alnanlaryň sany 467 673 bolup, keselleýänleriň sany günde 2% çemesi köpelýär.

Koronawirusa garşy göreş boýunça gullugyň aýtmagyna görä, soňky 24 sagdyň dowamynda 134 adam koronawirus zerarly ýogalypdyr. Tutuş ýurt boýunça ýogalanlaryň sany 5859 adama ýetdi.

TASS agentligi Orsýetiň baş rawini Berel Lazaryň COVID-19 bilen keselhana düşendigini we bejergi alýandygyny habar berdi.

Koronawirus bilen täze kesellänleriň sanynyň bir derejede saklanmagy hökümet resmileriniň keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen çäklendirmeleriň käbirini gowşadyp başlamagyna sebäp boldy.

Apreliň başynda girizilen çäklendirmeler Orsýetiň ykdysadyýetine zarba urdy. Bilermenler ýurduň 2008-nji ýylyň ykdysady krizisinden bäri iň agyr çökgünliligi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG