Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz parlamentiniň komiteti Russiýanyň harby baza üçin tölegini artdyrmak kanunyny tassyklady


Gyrgyzystanyň Kant şäherindäki Russiýanyň harby uçar bazasy.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň komiteti Russiýanyň bu ýurtda harby baza hökmünde ulanýan ýer böleginiň ýyllyk tölegini artdyrmak baradaky kanuny tassyklady.

Bu kanuny gyrgyz parlamentiniň halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetleriniň agzalary 9-njy iýunda makulladylar.

Mundan öň, tipografiki barlagyň netijesinde gürrüňi gidýän bazanyň 924,52 gektar meýdan ýeri tutýandygy, munuň kärende ylalaşygynda görkezilen meýdandan 58,32 gektar köpdügi anyklandy.

Goşmaça meýdan ylalaşykda görkezilende, 4 million 502 müň 495 dollarlyk ýyllyk tölegiň üstüne ýene 291 müň 600 dollar goşular.

Internetde käbir ulanyjylaryň kärende ylalaşygynyň şertlerini sorag astyna almagy bilen, bu kanun käbir garşylykly pikir-garaýyşlary döretdi.

Kärende ylalaşygyna laýyklykda, Russiýanyň Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Kant şäherindäki harby uçar bazasyndaky uçuş-gonuş zolagy abatlanandan soňra, ol Russiýanyň eýeçiligine geçer.

Russiýanyň Kant şäherindäki uçar bazasy 2003-nji ýylda, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy guramasynyň çäklerinde, açylypdy. Gurama Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Täjigistan girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG