Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda maliýe hemaýatyny talap edýän aýallar zor bilen karantine ýerleşdirildi


Gorag lybasyndaky adamlar protest geçirýän aýallary zor bilen äkidýärler. Nur-Soltan, Gazagystan. 10-njy iýun, 2020 ý.
Gorag lybasyndaky adamlar protest geçirýän aýallary zor bilen äkidýärler. Nur-Soltan, Gazagystan. 10-njy iýun, 2020 ý.

Gazak resmileri hökümetiň has köp hemaýat bermegini talap edip, Zähmet we sosial goldaw ministrliginiň öňünde protest geçiren pes girdejili maşgalalardan bolan aýallaryň bir toparyny mejbury ýagdaýda karantine ýerleşdirdi.

Facebookda paýlaşylan wideoda, 10-njy iýunda gorag lybasyndaky adamlaryň protest geçirýän aýallary paýtagt Nur-Soltandaky ministrligiň binasynyň töwereginden zor bilen äkidýändigini görse bolýar.

8-nji iýundan bäri protest geçirýän aýallar golaýdaky myhmanhana ýerleşdirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy, goşmaça maglumat almak üçin, myhmanhana baranda, gorag lybasyndaky şahsyýetler myhmanhananyň indi “karantin desgasyna” öwrülendigini aýdyp, onuň öňünde böwet boldular.

Gazak resmileri koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ozal girizen käbir çäklendirmelerini gowşadandan soňra, 20 töweregi aýal “dymyşlyk protesti” atlandyrylýan demonstrasiýa başladylar.

Ýüzüne “X” belgili sanitariýa maskalaryny geýen aýallar munuň özlerine “gürlemäge rugsat berilmeýändigi baradaky fakty” alamatlandyrýandygyny aýtdylar.

Geçen ýylyň fewral aýyndan bäri Nur-Soltanda we beýleki gazak şäherlerinde az girdejili aýal-gyzlar tarapyndan ýörişler hem-de piketler yzygiderli geçirilýär. Bu ýörişler we piketler bir maşgaladan bäş çaganyň, ene-atasy işleýän wagtynda, gije ýangynda ölmeginiň yzýany geçirilip başlandy.

XS
SM
MD
LG